Mary döwlet elektrik stansiýasynyň işgärleri geçen ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen jemläp, 12 milliard 505 million kilowatt-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürdiler. Bu görkeziji kärhanada alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň we kuwwatly enjamlaryň netijeli peýdalanylýandygyny görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Bellenilen meýilnamanyň artygy bilen ýerine ýetirilmegi ýylylyk stansiýasynyň kuwwatynyň we döwrebap üç sany gaz-turbina desgasynyň netijeli ulanylmagy saýasynda mümkin boldy. Bu tehnologik ulgamda 1574 MWt kuwwatyndaky utgaşykly bug-gaz elektrik stansiýasy aýratyn orun tutýar, hünärmenler ony ýokary öndürijiligi we ekologiýa taýdan arassalygy üçin kärhananyň «ýüregi» diýip atlandyrýarlar.
Mary DES-inde öndürilýän elektrik energiýasy özüne düşýän gymmaty boýunça dünýäde iň amatly energiýa çeşmeleriniň hatarynda durýar. Muňa stansiýanyň amatly geografik ýerleşişi, tebigy gazyň esasy çig mal hökmünde ulanylmagy, şeýle hem ýokary peýdaly iş koeffisienti bolan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýardam edýär. Işgärleriň gije-gündizleýin zähmeti netijesinde stansiýa her gün 40 million kilowatt-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürýär.
Energetika pudagynda gazanylan bu üstünlikler Türkmenistanyň döwlet energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Şu günki günde pudak üç sany esasy wezipäni: içerki sarp edijini doly üpjün etmek, ösýän senagat ulgamyny goldamak we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak wezipelerini üstünlikli çözýär.
Ata ATAJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler