Bir milliard Android ulanyjysy maglumat howpuna duş gelýär

Takmynan bir milliard töweregi Android ulanyjysy şahsy maglumatlarynyň howp astynda galmagyna duş gelýär. Smartfon eýeleriniň her üçünjisi Android 13 ýa-da ondan hem köne operasion ulgamlary ulanýar, bu wersiýalar​ bolsa haker​ hüjümlerine garşy howpsuzlyk täzelenmelerini almagyny togtadýar.

Köne operasion ulgamlar häzirki zaman döwüp açmak tehnologiýalaryndan doly goragly däl ýagdaýda galýar. Öndürijiler howpsuzlyk (patchlerini​) esasan täze wersiýalar​ üçin taýýarlaýarlar. Eger-de enjamyňyz soňky alty aýyň dowamynda täzelenmedik bolsa, parollar​, şahsy maglumatlar we bank goşundylary çynlakaý töwekgelçilik astynda bolup biler.

Ozalky ýyllarda smartfonlar ortaça 2 –3 ýyl tehniki goldaw alýardy. 2022-nji ýylda we ondan öň öndürilen enjamlar häzirki wagtda köpçülikleýin ýagdaýda resmi goldawdan hem-de howpsuzlyk täzelenmelerinden mahrum galýar.

Rejepnur NUROW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Umumy himiýa kafedrasynyň uly mugallymy, t.y.k.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok