Aşgabatda Kakalar güni bellenildi we maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek boýunça çäre geçirildi

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Kakalar güni bellenildi we maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek boýunça dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk çärelerine Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, pars dili kurslarynyň diňleýjileri, jemgyýetçilik we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Hezreti Alynyň doglan gününe gabat geçirilen bu baýram maşgala baştutanynyň we ýaşuly kakalaryň aýratyn orunyny, şeýle hem Eýran hem-de Türkmenistan halklarynyň nesiller arasyndaky ruhy arabaglanyşygyny nygtaýar.

Çäräniň çäklerinde diplomat Ali Mojtaba Ruzbehani iki ýurduň ýolbaşçylaryny we doganlyk türkmen halkyny Täze — 2026-njy ýyl bilen gutlady. Ol kakalaryň maşgala ojagynyň sütünine meňzedilýändigini belledip, kakalyk aladasynyň we merdanalygynyň maşgalada durnuklylyk we parahatçylyk üpjün edýändigini nygtady. Öz gezeginde, medeniýet boýunça maslahatçy Abdolreza Abbasi türkmen däp-dessurlarynda hem ene-ata we ýaşuly nesle goýulýan hormatyň şeýle belent hem-de mertebeli orun eýeleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Baýramçylyk maksatnamasy talyplaryň çykyşlaryny öz içine alyp, olar pars, türkmen, rus we iňlis dillerinde goşgy okadylar, degişme sahnajyklaryny görkezdiler we aýdym aýtdylar. Agşam çäräniň işjeň gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabarasy bilen tamamlandy.

 Şeýle duşuşyklar medeni gatnaşyklaryň berkemegine we iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda maşgala gymmatlyklarynyň wagyz edilmegine ýardam edýär.

Arslan BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok