Teslanyň 2025-nji ýylda elektromobil satuwy 8,6 % pese düşdi

Amerikanyň elektromobil öndürijisi Tesla​ 2025-nji ýylda dünýä boýunça satuwyň geçen ýyla garanyňda takmynan 8 ,6 % azalandygyny resmi taýdan mälim etdi. Bu ýagdaý, Hytaýyň awtoulag öndürijisi BYD​ kompaniýasynyň ilkinji gezek ýyllyk elektromobil satuwy boýunça Tesla​-dan öňe geçmegi bilen baglanyşykly boldy.

Tesla​ 2025-nji ýylda 1,655 million sany elektromobil öndürdi we 1,636 million sanysyny satdy. Bu görkezijiler 2024-nji ýylda öndürilen 1,773 million we satylan 1,789 million awtoulagdan pesdir.

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde Tesla​ 434 358 sany awtoulag öndürip, 418 227 sanysyny satdy. Bu hem geçen ýylyň degişli döwründäki öndürilen 459 445 we satylan 495 570 sany awtoulagdan az bolup, dördünji çärýekdäki satuwlar takmynan 16 % pese gaçdy.

Satuwlar bilen baglanyşykly azalma 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-da elektromobil satyn alýan sarp edijilere berilýän salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagyndan soň has aýdyň duýuldy.

Şol bir wagtda, BYD​ penşenbe güni 2025-nji ýylda dünýä boýunça elektromobil satuwynyň geçen ýyla garanyňda 27 ,86 % ýokarlanyp, 2,257 million birlige ýetendigini mälim etdi. Satuw artdy, esasan Hytaýdan daşary, Aziýa, Ýewropa we Latyn Amerikasy ýaly bazarlardan geldi.

Birmingem​ işewürlik mekdebiniň professory Dewid​ Beýli Tesla​ kompaniýasynyň kynçylyklarynyň esasy sebäplerini şeýle düşündirdi: “Tesla​ önümleriň könelmegi, Ilon​ Maskyň​ meşhurlygynyň azalmagy we BYD​ bilen arzan çykdajylar hem innowasiýa tizligi boýunça bäsleşip bilmedigi sebäpli kynçylyk çekýär. Hytaý kompaniýalarynyň batareýalary ýewropaly bäsdeşlerinden 35 –40 % arzan önümçiligi olara uly bäsleşik artykmaçlygy berýär. Mundan başga-da, BYD​ we beýleki hytaý kompaniýalary ýokary hilli, täsirli batareýalara eýe we täze modelleri bazara çalt çykarmagy başarypdyrlar.”

Şeýle-de bolsa, Tesla​ ABŞ-da iň uly elektromobil öndüriji bolup galýar we içerki bazaryň takmynan 45 % paýyna eýe. Ýöne satuwlar pese gaçmak Amerikanyň elektromobil bazarynda has giň gerimli haýallamagy​ görkezýär.

Awtomobil bazaryny öwrenýän Cox​ Automotive​ kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, ABŞ-da 2025-nji ýylyň noýabr aýynda ähli görnüşli elektromobilleriň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 40 % töweregi azaldy.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok