Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan «Ömürlere dowam berýär eneler» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.
Bäsleşigiň maksady
Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda zenanlaryň göreldeli zähmeti bilen Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine goşýan goşandyny açyp görkezmek, olaryň çeper ellerinden çykýan hünärini, edep-ekramyny, maşgala ojagyny abat saklamakda tutýan ornuny wasp etmek, şeýle hem zenanlarda çeper döredijilige bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşigiň şertleri
«Ömürlere dowam berýär eneler» atly bäsleşige Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir raýaty oçerkleri, makalalary, çeper eserleri, goşgulary, şahyrana eserleri bilen gatnaşyp biler. Eserlerde täze taryhy döwrümizde zenanlaryň jemgyýetdäki orny, olar hakda edilýän aladalar, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeler, terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihatlar, zenanlaryň el işleri, gaýyn-gelin, gelin-baldyz gatnaşyklary, myhman garşylamak, saçak ýazmak ýaly däp-dessurlar öz beýanyny tapmalydyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň salgysyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly—100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da redaksiýanyň elektron salgysyna (ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm) «Ömürlere dowam berýär eneler» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen ibermelidir.
Bäsleşigiň jemini jemlemek
Bäsleşikde birinji, ikinji, üçünji orunlar, şeýle-de höweslendiriji baýraklaryň ikisi belleniler. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin «Ahal durmuşy» welaýat gazeti, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan eminler topary düzülýär. Bäsleşige iberilýän oçerkleriň, makalalaryň, çeper eserleriň iň gowulary gazetde çap ediler hem-de ýeňijiler 2026-nji ýylyň 5-nji martynda eminler topary tarapyndan kesgitlener. Ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hormat hatlary we ýörite sowgatlary bilen sylaglanar.
Bäsleşigiň guramaçylyk topary.
Teswirler