Täze — 2026-njy ýyl Mary welaýatynyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri üçin möhüm önümçilik üstünlikleriniň döwri boldy. Ýylyň ilkinji günleri Mary welaýatynyň ýangyç-energetika toplumynda zähmet çekýän hünärmenler üçin ýokary önümçilik görkezijileri bilen başlandy. “Türkmengaz” döwlet konserine degişli kärhanalarda tebigy gazyň täze senagat akymlarynyň alynmagy ýurduň gaz pudagynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
“Galkynyş”, Günbatar Şatlyk, Kelleli we beýleki birnäçe gaz ýataklarynda tebigy gazy çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Önümçiligiň hiline gözegçilik etmek hem-de ylmy taýdan goldamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, barlaghanalar döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilýär. Hususan-da, “Marygazçykaryş” müdirligine Ýaponiýada öndürilen ýokary takyklykly täze enjamlar getirildi.
“Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde çuňlugy 4180 metr bolan täze ulanyş guýusy burawlandy. Munuň netijesinde gije-gündizde 2 million kub metrden gowrak tebigy gazyň senagat akymy alyndy.
Şeýle hem Merkezi Garagum gaz toplumynyň Toparjulba ýatagynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Bu ýerde çuňlugy 1200 metr bolan täze guýynyň işe girizilmegi bilen gije-gündizde ortaça 300 müň kub metr kükürtsiz tebigy gaz öndürilýär.
Hünärmenleriň bellemegine görä, gazanylan bu üstünlikler tehnikalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we öňdebaryjy halkara tejribäniň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Pudakda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz pudagyny ösdürmek we uglewodorodlary çykarmagy artdyrmak boýunça goýan wezipeleri yzygiderli ýerine ýetirilýär.
2026-njy ýylyň şowly başlanmagy gaz pudagynyň ýurduň ykdysadyýetine goşýan goşandyny tassyklaýar we Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazaryndaky ornuny berkitmäge ýardam edýär.
Ýazberdi AKYMMAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler