Durnukly ösüşi üpjün etmekde emeli aňyň ähmiýeti

Häzirki wagtda ykdysady ösüş diňe önümçiligiň möçberi bilen däl, eýsem onuň akylly, tygşytly we uzak möhletleýin häsiýeti bilen bahalandyrylýar. Tebigy serişdeleriň çäkliligi, ilatyň artmagy we dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyz ýagdaýlar döwletleriň ösüşe bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirmegini talap edýär. Şu şertlerde emeli aň tehnologiýalary durnukly ösüşi üpjün edýän möhüm strategik gural hökmünde çykyş edýär.

Emeli aňyň mümkinçilikleri ykdysady ösüşi sanly maglumatlaryň esasynda dolandyrmaga şert döredýär. Uly maglumatlary seljermek arkaly tebigy serişdeleriň ulanylyş derejesi, energiýa sarp edişi we önümçilik netijeliligi takyk ölçelýär. Bu maglumatlar esasynda AI algoritmleri artykmaç sarp edişi azaldyp, serişdeleriň has tygşytly ulanylmagyna ýardam edýär. Şeýle çemeleşme diňe ykdysady peýda bermek bilen çäklenmän, daşky gurşawy goramagyň hem möhüm guralyna öwrülýär.

Ykdysady meýilleşdirişde emeli aňyň orny aýratyn möhümdir. Geljekki ösüş meýilnamalary diňe häzirki ýagdaýy seljermek bilen däl, eýsem birnäçe ýyllap öňe seredýän çaklamalar arkaly düzülýär. Emeli aň ykdysady görkezijileriň özara täsirini seljerip, dürli ösüş ssenariýalaryny döredýär. Bu bolsa döwletlere ösüşiň iň amatly ýoluny saýlamaga, töwekgelçilikleri öňünden azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, ykdysady ösüş meýilleşdirilýän däl-de, ylmy taýdan dolandyrylýan prosese öwrülýär.

Emeli aňyň durnukly ösüşe goşýan başga bir möhüm goşandy sosial ugur bilen baglanyşyklydyr. Ilatyň girdeji derejesi, iş üpjünçiligi we ýaşaýyş hiliniň görkezijileri AI arkaly seljerilip, döwlet syýasatlarynyň täsiri öňünden bahalandyrylýar. Bu bolsa ykdysady ösüşiň diňe bir görkezijilerde däl, eýsem jemgyýetiň gündelik durmuşynda hem oňyn täsiriniň bolmagyny üpjün edýär. Şeýle çemeleşme ykdysady ösüş bilen sosial adalatyň arasynda deňagramlylygy saklaýar.

Emeli aň durnukly ösüşiň ykdysady pikirlenişiň täze filosofiýasydyr. Ol ösüşi tötänleýin hadysa däl-de, maglumatlara, seljermelere we öňünden görüjilige esaslanýan ulgam hökmünde şekillendirýär. Emeli aň bilen dolandyrylýan ykdysadyýet diňe häzirki nesliň däl, geljek nesilleriň hem bähbidini göz öňünde tutýan, durnukly we ygtybarly ösüş ýoluna çykýar. Şeýle ösüş bolsa döwrebap jemgyýetiň iň uly gazanjy bolup durýar.

Ataş GANDYMOW​,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok