Döwlet derejesinde nygtalyşy ýaly, sanly bank hyzmatlarynyň ösdürilmegi banklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu ugurda esasy wezipeleriň biri nagt däl hasaplaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, bank kartlary tölegleriň esasy guraly hökmünde giňden ornaşdyrylýar, döwlet edaralarynda we söwda merkezlerinde döwrebap bankomatlar hem-de töleg terminallary gurnalýar. Şeýle hem zähmet haklary we durmuş tölegleri elektron kartlar arkaly tölenilýär.
Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmaga, olaryň elýeterliligini we ygtybarlylygyny üpjün etmäge, müşderilere hyzmat etmek ulgamyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we şahsy maglumatlary goramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Bank ulgamynyň sanly ösüşi bilen birlikde, ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolan elektron söwda hem yzygiderli ösdürilýär. Ýurtda internet-bölek söwdasyny düzgünleşdirýän hukuk binýady kemala getirildi. Oňa sarp edijileriň hukuklaryny goramak, söwda işi, internet hyzmatlary we uzak aralykdan söwda etmegiň düzgünleri baradaky kanunçylyk namalary girýär.
Döwrebap töleg çözgütleri harytlaryň we hyzmatlaryň, şol sanda jemgyýetçilik hem-de döwlet hyzmatlarynyň töleglerini nagt däl görnüşde amala aşyrmaga şert döredýär. Milli töleg ulgamynyň düzüminde “Visa” we “MasterCard” halkara töleg kartlary hem ulanylýar.
Umuman alanyňda, bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik işjeňliginiň artmagyna, maýa goýum özüne çekijiliginiň ýokarlanmagyna we makroykdysady durnuklylygyň, şol sanda milli manadyň durnuklylygynyň berkemegine ýardam edýär.
Döwletgeldi BADAGLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler