2025-nji ýylda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar fakultetiniň mugallymlary we talyplary üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan durmuşa geçirilýän LEAP (“Maldarçylygyň ekologiýa görkezijilerine baha bermek we gowulandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk”) maksatnamasynyň çäginde sanly ulgam arkaly okuw maslahatlary geçirildi. Bu başlangyç maldarçylygyň daşky gurşawa ýetirýän täsirlerini seljermäge hem-de milli aýratynlyklary nazara almak bilen ekologiýa taýdan durnukly çözgütleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Okuw maslahatlarynyň jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň goldawy bilen diňleýjileriň halkara bilermenler bilen duşuşygy geçirildi. Maslahata Italiýa, Hytaý, Ukraina we Türkiýe döwletlerinden gelen hünärmenler gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar LEAP başlangyjynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda işjeň ilerledilýändigini we durnukly tebigatdan peýdalanmagy hem-de “ekoulgam hyzmatlaryny” — maldarçylygyň daşky gurşaw üçin peýdaly täsirlerini ösdürmäge gönükdirilendigini bellediler. Olaryň hatarynda azyk önümçiligi, haýwanlaryň milli tohumlaryny gorap saklamak, adaty aryçylygy ösdürmek, şeýle hem topragyň we öri meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin organiki galyndylary kompost we biogumus hökmünde gaýtadan işlemek bar.
Maslahatyň dowamynda weterinar howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berildi. Döwlet weterinariýa gullugynyň Merkezi barlaghanasynda birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlaryň öndürilýändigi, şeýle hem oba hojalyk haýwanlaryny ýurduň sebitleri boýunça meýilnama laýyklykda her ýyl sanjym etmek çäreleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.
Şeýle hem duşuşykda öri meýdanlaryny dikeltmek boýunça ylmy barlaglar, şol sanda şorlaşan ýerlerde duza çydamly iýmlik ösümlikleri ekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ekologiýa we ylmy edaralaryň wekilleri tebigy serişdeleri dolandyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtadylar, munda maldarçylyk, ekerançylyk we daşky gurşawy goramak durnukly ösüşiň özara baglanyşykly görkezijileri hökmünde garalýar.
Ýazberdi AKYMMAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler