Mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça bäsleşik geçirildi

Täze ýylyň öňüsyrasynda Senagatçylar we telekeçiler halkara uniwersitetiniň guramagynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili boýunça bäsleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Bu zehin bäsleşigine iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän 67 sany umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen orta mekdeplerden 200-e golaý ýokary synp okuwçysy gatnaşdy. Gatnaşyjylar özleriniň dil taýýarlygynyň ýokary derejesini, iňlis dilini erkin bilýändiklerini, şeýle-de döredijilik mümkinçiliklerini we daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan uly gyzyklanmalaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň jemleri boýunça I, II we III orunlary eýelän okuwçylar, şeýle hem baýrakly orunlara mynasyp bolanlar kesgitlendi. Iň gowy netije görkezen okuwçylar degişli derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Bäsleşigiň geçirilmegi bilim ulgamyndaky döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, zehinli ýaşlary goldamaga, şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmagy halkara ülňülere laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok