Hytaýyň Sindao portunda wakuum esasly awtomatlaşdyrylan gämi berkitme ulgamy işe girizildi

Hytaýyň demirgazygyndaky iň uly port hasaplanýan Sindao​ portunda ýurduň ilkinji wakuum tehnologiýasyna esaslanýan, doly awtomatlaşdyrylan gämi berkitme ulgamy resmi taýdan işe girizildi. Täze ulgam arkaly bir gämini adam gatnaşmazdan bary-ýogy 30 sekuntyň içinde ygtybarly berkitmek mümkin boldy.

Uzynlygy 366 metre ýetýän, 16 müň konteýner daşamaga ukyply uly gämi täze tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan duralga üstünlikli ýanaşdy. Adaty ýagdaýlarda zerur bolýan daňyş ýüpleri we işçiler bu gezek ulanylmady. Awtomatlaşdyrylan ulgam gämini özbaşdak tanap, onuň ýerleşmeli nokadyny anyklady we ýörite wakuum sorujylaryň kömegi bilen gämini duralga berkidip goýdy. Bu amal ýarym minutdan hem az wagt aldy.

Wakuum esasly bu awtomatlaşdyrylan berkitme ulgamy diňe howpsuzlygy ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, portuň umumy iş öndürijiligini hem ep-esli artdyrýar.

Sindao​ portunyň awtomatlaşdyrylan terminalynyň inžener-tehniki bölüminiň menejeri Liu​ Fançao​ täze ulgamyň aýratynlyklary barada şeýle diýdi: “On üç sany wakuum sorujy enjam 30 sekuntyň dowamynda 2600 kilo-nýutona​ barabar saklaýjy güýç döredýär. Bu bolsa gäminiň berkitme wagtyny öňki 20 –30 minutdan bary-ýogy 30 sekunda çenli gysgaldýar we ýokary ygtybarlylygy üpjün edýär”.

Awtomatlaşdyrylan kranlar, rels boýunça hereket edýän ýokary tizlikli kenar kranlary hem-de sürüjisiz ulag serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan Sindao​ porty konteýnerleri ýükläp-düşürmegiň netijeliligi boýunça 13 gezek dünýä rekordyny goýmagy başardy.

Şeýle-de portda gümrük gözegçilik we barlag işlerini tizleşdirmek maksady bilen täze ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň ornaşdyrylandygy​ bellenilýär.

Sindao​ gümrük gullugynyň Huandao​ bölüminiň müdiriniň orunbasary Ýu Tin bu barada şeýle diýdi: “Öňünden skanirleme enjamlary logistika ugurlarynda gurnaldy. Bir barlag birnäçe sekuntda tamamlanýar we konteýner akymyna päsgelçilik döretmeýär. Akylly we ýokary tehnologiýaly portlary ösdürmek Hytaýyň geljek bäş ýyl üçin ileri tutýan esasy maksatlarynyň biridir”.

Gunça BEGENJOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok