Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp gyzlary Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde geçirilen nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe boldular. Ýurduň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, Dursunjemal Ataýewa we Mähriban Azadowa şahsy bäsleşikde kümüş medallara mynasyp boldular. Ýokary şahsy görkezijileriň netijesinde milli ýygyndy toparymyz hem umumy topar hasabynda ikinji orna mynasyp boldy.
Halkara derejesindäki bu iri bilim bäsleşigi Hohaý uniwersitetiniň binýadynda geçirildi. Bu ýylky olimpiadada dünýäniň 66 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebinden 600-den gowrak talyp gatnaşdy. Bu ýagdaý bäsleşigiň abraýlylygyny hem-de türkmen talyplarynyň gazanan üstünlikleriniň ähmiýetini aýdyň görkezýär. Türkmen talyp gyzlary çuňňur bilimlerini we ajaýyp taýýarlyklaryny görkezip, abraýly halkara reýtinginiň öňdebaryjylarynyň hataryna girmegi başardylar.
Baýrak eýeleriniň hormatyna Döwlet energetika institutynda dabaraly çäre geçirildi. Dabarada talyplara hormat diplomlary gowşuryldy, çäre döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Dabarada çykyş edenler şeýle üstünlikleriň Türkmenistanda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy we özlerini kämilleşdirmegi üçin döredilen şertler netijesinde mümkin bolandygyny bellediler.
Arslan BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler