Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýylyň jemleri boýunça täze baýragyň döredilendigini resmi web sahypasynda mälim etdi.
Degişli ylalaşyk Dubaýyň sport geňeşi bilen baglaşyldy we ol 2026-njy ýyldan başlap güýje girer. Täze sylag FIFA-nyň her ýyl meýdançada hem-de meýdançadan daşarda iň oňat oýunçylary ykrar edýän ýeke-täk baýragy bolar.
FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bu barada aýtdy: “Biz dünýä derejesinde futboly ösdürmek üçin futbol bilen ýaşan Dubaý bilen hyzmatdaşlyk etmegimizden şatdyrys. Bu baýrak diňe bir sylag gowşurylyşy bolman, futbolyň täsirini belläp, ýylda iň gowy oýunçylara meýdançada hem-de daşynda hormat goýmak üçin innowasion ýol bolar.”
Şeýle-de belläp geçsek, FIFA 2016-njy ýyldan bäri “The Best FIFA Football Awards” baýragyny gowşuryp gelýärdi. Iň soňky gowşurylyş dabarasy dekabr aýynyň ortalarynda Dohada geçirildi we geçen möwsümiň iň gowy oýunçysy hökmünde Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparynyň hüjümçisi Usman Dembele saýlandy.
Myrat ATABALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler