Türkmen döwlet medeniýet institutynda (TDMI) tanalýan ýaponiýaly medeniýetçi, Tokio uniwersitetiniň hünärmeni we «Gulpedia» maglumat portalynyň esaslandyryjysy Tokunaga Ýuki bilen gyzykly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ol ýapon däp bolan senetçiliginiň taryhy, ösüş ýollary we häzirki döwürdäki ähmiýeti barada umumy sapak berdi.
Tokunaga Ýuki maddy däl medeni mirasy gorap saklamak ugrunda alyp barýan işjeň işleri bilen halkara derejesinde tanalýar. Onuň gadymy amaly sungat görnüşlerini dikeltmek boýunça durmuşa geçirýän taslamalary ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Şeýle umumy sapaklar dürli halklaryň arasynda medeni arabaglanyşygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýär.
«Ýapon senetçiliginiň taryhy» atly umumy sapagynyň esasy meselesi häzirki döwürde däp-dessurlary gorap saklamak boldy. Myhman Ýaponiýanyň mysalynda ata-babalaryň ýatdan çykarylan tehnologiýalarynyň döwrebap dizaýnda nähili täze durmuş tapyp biljekdigini görkezdi. Tokunaga Ýuki çykyşynyň ahyrynda türkmen talyplarynyň intellektual derejesiniň ýokarydygyny, olaryň dünýä medeniýetine bolan uly gyzyklanmasyny aýratyn belledi.
Ýapon hünärmeniniň sapary diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem doly derejeli medeni alyş-çalşyga öwrüldi. Myhman medeni mirasy dikeltmek we muzeý işi kafedrasynyň amaly sapaklaryna gatnaşyp, geljekki türkmen hünärmenleriniň taýýarlyk derejesine ýokary baha berdi. Türkmen senetçileriniň özboluşly usullary ýapon hünärmeninde uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da, institutynyň folklor-tans topary tarapyndan türkmen halk däplerini açyp görkezýän baý medeni maksatnama hödürlenildi.
Şeýle duşuşyklar Aşgabadyň ynsanperwer ulgamda halkara hünärmenler gepleşikleri üçin möhüm meýdançadygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Eziz BABANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek
kafedrasynyň uly mugallymy, t.y.k.
Teswirler