2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda “Sanly Çözgüt-IT meýdança” hojalyk jemgyýetinde Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwaly geçirildi. Festiwalyň esasy maksady sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyndaky orny we mümkinçiliklerini görkezmek, mugallymlaryň we hünärmenleriň ylmy taslama işlerine höwesini artdyrmak, tejribeleri alyşmak we sanlylaşdyrylan bilim işiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web-saýty habar berýär.
Festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleriniň, “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň” hem-de işewürlik kärhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda “Maglumat tehnologiýalary ulgamynda gelejegiň kompetensiýalary we hünär derejeleri” atly tegelek stol guraldy. Şeýle hem mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary üçin STEM usulyýeti we bilim bermek işlerinde innowasion tehnologiýalary ulanmak boýunça tälim sapaklary geçirildi.
Festiwalyň çäklerinde kiberhowpsuzlyk we sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly taslamalaryň sergisi guralyp, bilim edaralarynyň mugallymlary we talyplar türgenleşiklerden geçdiler. Şeýle-de, sanly bilim ulgamyna goşan goşantlary üçin bilim edaralarynyň wekilleri we “Kiberbäsleşik” çäresiniň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty we sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň,
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we
audit kafedrasynyň uly mugallymy.
Teswirler