Matematika adamzat taryhynda iň irki ýüze çykan hem-de ösüşe güýçli täsir eden ylymlaryň biridir. Bu ylym diňe sanlar bilen işlemek bilen çäklenmän, logiki pikirlenmegiň, seljermegiň we akyl-paýhasyň ýokary derejesini ösdürýär. Häzirki döwürde matematika tebigy we jemgyýetçilik ylymlarynyň, tehnologiýanyň hem-de ykdysady ösüşiň esasy binýady bolup çykyş edýär.
Matematika ylmynyň gözbaşlary gadymy Müsür, Wawilon, Hindistan, Hytaý we Grek siwilizasiýalaryna çenli baryp ýetýär. Ilkinji matematiki düşünjeler adamlaryň gündelik durmuşda hasaplamak, ölçeg almak, ýer bölmek we wagty anyklamak zerurlygyndan döräpdir. Gadymy grek alymlary Eýklid, Pifagor, Arhimed ýaly beýik akyldarlar matematika ylmy esaslary döredipdirler.
Orta asyrlarda musulman alymlary matematika ylmynyň ösüşine aýratyn goşant goşup, algebra, trigonometriýa we san teoriýasy ýaly ugurlary ösdüripdirler. Al-Horezminiň algebra düşünjesini ylma girizmegi bu ugurda möhüm ösüş tapgyry boldy. Täze we häzirki zamanlarda bolsa matematika fizika, inženerçilik we informatika bilen berk arabaglanyşykda ösmegini dowam etdirdi.
Sanly tehnologiýalaryň çalt ösýän döwründe matematika aýratyn ähmiýet gazandy. Programmirleme, emeli aň, maglumat howpsuzlygy, ykdysady modelleşdiriş we kosmos ylmy matematiki usullara daýanýar. Bank işi, ykdysady seljerme we lukmançylyk ýaly ugurlar hem matematiki hasaplamalarsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Şeýlelikde, matematika tertipli pikirlenmegi, anyk çözgüt tapmagy we meseleleri netijeli çözmegi ösdürýän möhüm ylym hökmünde çykyş edýär.
Bilim ulgamynda matematika ýaş nesliň akyl-paýhasynyň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýär. Ol okuwçylaryň logiki pikirlenmesini, döredijilik mümkinçiliklerini we sabyrlylygyny ösdürýär. Häzirki wagtda matematika dersini okatmakda sanly serişdeler, interaktiw okuw usullary we häzirki zaman pedagogik tehnologiýalar giňden ulanylýar.
Gözel SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.
Teswirler