Emeli aň häzirki wagtda iş we tehnologiýa pudagynda esasy ösüş ugurlarynyň birine öwrüldi. Aragatnaşyk, maglumat bilen işlemek we dolandyryş proseslerinde emeli aň çözgütleriniň ulanylmagy barha giňelýär. Muňa garamazdan, jemgyýetde emeli aňyň geljekde işgärleriň ornuny tutjakdygy baradaky pikirler hem bar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu pikir, iň bolmanda ýakyn geljekde mümkin däl. Häzirki döwürde emeli aň işgärleriň ornuny almak üçin däl-de, olaryň işini ýeňilleşdirmek we öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen kömekçi gural hökmünde ulanylýar. Bu ýagdaý Microsoft 365 Copilot tehnologiýasynyň mysalynda aýdyň görünýär.
ChatGPT-niň giň köpçülige hödürlenmeginden soň, emeli aň esasan OpenAI bilen baglanyşdyryldy. Şeýle-de bolsa, beýleki iri tehnologiýa kompaniýalary hem bu ugurda işlerini güýçlendirdiler. Microsoft hem bu proseslerden çetde galman, Copilot atly öz emeli aň çözgüdini işläp taýýarlady.
Microsoft 365 Copilot — Microsoft-yň biznes maksatlaryna niýetlenen hyzmatlaryna integrasiýa edilen emeli aň kömekçisidir. Ol Teams, Outlook, Word, PowerPoint, Excel ýaly programmalarda ulanylyp, ýygnaklary ýazga almak we jemlemek, uly resminamalaryň gysgaça mazmunyny taýýarlamak, maglumatlary gözlemek we degişli teklipleri bermek ýaly mümkinçilikleri hödürleýär.
Copilot öz işinde tebigy dili tanamak, maglumatlary seljermek we maşyn öwrenişi ýaly häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanýar. Şeýle hem ulgam ulanyjynyň iş endiklerine we isleglerine laýyklykda öwrenip, iş ýagdaýyna uýgunlaşyp bilýär.
Microsoft 365 Copilot-yň işleýiş ýörelgesi birnäçe tapgyrdan ybarat. Ulanyjy tarapyndan Word ýa-da PowerPoint ýaly programma degişli sorag iberilende, ulgam bu soragy anyklamak üçin ýörite “grounding” usulyny ulanýar. Bu usul soragyň has takyk bolmagyna we degişli maglumatlaryň peýdalanylmagyna mümkinçilik berýär.
Soňra taýýarlanan sorag uly dil modeline ugradylýar. Bu ýerde Copilot diňe ulanyjynyň ygtyýarynda bolan maglumatlara elýeterlidir. Jogap alnan soň, ulgam goşmaça barlaglary geçirýär, şol sanda maglumat howpsuzlygy, gizlinlik we laýyklyk gözegçilikleri ýerine ýetirilýär.
Hünärmenleriň pikirine görä, Microsoft 365 Copilot ýaly emeli aň çözgütleri kärhanalar üçin iş proseslerini optimizirlemek, işgärleriň wagtyny tygşytlamak we dolandyryş netijeliligini ýokarlandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, emeli aň häzirki wagtda iş ýerlerinde adam faktoryny çalyşman, ony güýçlendirýän tehnologiýa hökmünde çykyş edýär.
Haknazar HALJANOW,
“Döwletli Nesibe” HJ-niň direktory,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler
merkeziniň utgaşdyryjysy, IT bilermeni.
Teswirler