Türkmen döwlet maliýe instituty «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» (MHHS) boýunça geçirilen II açyk halkara internet olimpiadasynyň jemlerini yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Olimpiadada Türkmenistandan we Russiýa, Belarus, Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly 9 ýurtdan 53 ýokary okuw mekdebiniň 200-den gowrak talyby gatnaşdy. Şahsy tapgyrda talyplara türkmen, rus we iňlis dillerinde iki sagatlap çylşyrymly maliýe meselelerini çözmek teklip edildi.
Guramaçylyk topary gatnaşyjylaryň maliýe sowatlylygy babatynda çuňňur nazary bilimleriniň bardygyny we amaly meseleleri çözmekde innowasion usullary ulanmak ukyplarynyň ýokarydygyny belledi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça daşary ýurtly ýokary okuw mekdepleriniň 126 wekilinden 69 talyp baýrakly orunlara mynasyp boldy (13 sany birinji, 27 sany ikinji we 29 sany üçünji orun).
Türkmenistana 20 sany ýokary okuw mekdebinden 77 talyp wekilçilik etdi, olaryň 14-si ýeňijileriň hataryna girdi (2 sany birinji, 3 sany ikinji we 9 sany üçünji orun).
Guramaçylar bu olimpiadanyň zehinleri ýüze çykarmak we dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmak üçin möhüm guraldygyny nygtadylar. Şeýle çäreler halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge we ählumumy sanlylaşma şertlerinde milli bilim ulgamyny ösdürmäge ýardam berýär.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler