Kitaphana hyzmatynyň kämillik ýollary

Islendik döwletiň ykdysady kuwwaty, şol döwletiň ylymdyr bilime, kitapdyr kitaphanalara berýän ünsünde görünýär. Halkymyzyň kitaba goýýan hormaty gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Halk arasynda “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer” diýen nakyl bar. Biz kitaplaryň üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, eziz Diýarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan uly üstünliklerini öwrenýäris hem-de dünýä ýaýýarys. Bu günki günde Hormatly Prezidentimiz döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň ruhy galkynyşyny döretmekde, kitaphana ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda eziz Diýarymyzda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan medeni syýasaty netijesinde, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan kitaphana ulgamyny ýokary derejede ösdürmek we kitabyň neşir edilişini kämilleşdirmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029 – njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bolsa  munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu  Maksatnama hem milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ösdürmäge, Diýarymyzyň ähli etraplarydyr obalaryndaky kitaphanalaryň işini has kämilleşdirmäge, halkyň ylym-bilim almak mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, döwletimiziň halkara giňişliginde kitaphana işi babatdaky maksatlaryny ösdürmäge, Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde medeniýet ulgamynyň ornuny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Ýaş nesilleriň köp okap, giň dünýägaraýyşly, ukyp-başarnykly bolup ýetişmekleri, kitaphana ulgamynyň işiniň döwrebaplaşmagy ugrunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerine jogap edip Mary welaýat Çagalar kitaphanasynyň agzybir işgärleri hem  okyjylar köpçüligine güler ýüz bilen hyzmat edýär. Mary welaýat Çagalar kitaphanasynda hem kitaphana hyzmatyny guramak we kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilen. Kitaphananyň agzybir işgärleri kitaphana gaznasyndaky kitaplary aýawly saklamakda we rejeleýiş işlerini döwrüň talabyna laýyk alyp barmakda, kitaphana täze okyjylary çekmekde we olaryň kalbynda kitaba bolan söýgüni oýarmakda yhlasly we tutanýerli zähmet çekýärler. Şeýle-de  bu ýere gelýän dürli ýaşdaky we dürli kärdäki okyjylar tarapyndan has köp soralýan edebiýatlary, seýrek duş gelýän edebiýatlary, az ekzemplýarly edebiýatlary elektron görnüşine geçirmek usulyny ulanmakda we olaryň gyzyklanýan maglumatlaryna dogry jogap tapyp kanagatlandyrmakda joşgunly zähmet çekýärler.  

Baý hazynaly kitaplar ylmyň-bilimiň esasy ojagy bolup durýar. Kitap kämillige barýan aýdyň ýoluň iň ygtybarly serişdesi bolup, ol durmuşyň ähli pursatlarynda-da ýol görkeziji şamçyragdyr. Bu günki günde  Hormatly Prezidentimiziň kitaphana işine aýratyn üns berip,  kitaphana işini kämilleşdirmek, çagalarda kitap okamak endiklerini ösdürmekligiň maşgala terbiýesiniň aýrylmaz bir bölegine öwrülmelidigini, okuw kitaplary bilen bir hatarda çeper edebiýatlaryň yzygiderli neşir edilmelidigini, olaryň halka ýetirilmegini, medeni aň bilim işlerini kitabyň üsti bilen güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtap geçip giň mümkinçilikleri döredip bermegi ýurdumyzda hereket edýän bagtyýar kitaphanaçylaryň has-da joşgunly işlemeklerine ruhlandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işleri hasda kämilleşip okyjylara döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar.  Mary welaýat Çagalar kitaphanasyna hem ýaş nesiller bilen birlikde dürli ýaşdaky, dürli kärdäki okyjylar gelip özleriniň göwün söýen kitaplaryny okap, gyzyklanýan soraglaryna jogap tapýarlar.  Adamzadyň köňül nagşyna deňelýän many-mazmunly kitaplary höwes bilen okaýan okyjylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan gözbaş alýan, ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik we belent adamkärçilik ruhuna eýlenen ajaýyp eserlerini ürç edip okaýarlar. Bu kitaplaryň ählisi bilim işgärlerine giň gollanma bolup, ýaş nesillere eziz Watanmyza, mukaddes topragymyza, kümüş saçly enelere, parasatly atalara bolan söýgüni pugtalandyrmakda bahasyz hazynadyr.  Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden kemala gelen kitaplarynyň ählisi dünýä döwletleriniň ençemesiniň diline terjime edilmegi, halkymyzyň geçmiş taryhy, baý mirasy, medeniýeti-sungaty, dowam edýän däp-dessurlary bilen tanyş bolmaga mümkinçilik döredýär.

Ynsan durmuşynyň ruhy-pelsepewi çelgisi hasaplaýan kitap her birimiziň dostumyzdyr, syrdaşymyzdyr. Munuň özi kitabyň adamzadyň köňül nagşydygyny alamatlandyrýar. Ýaşlara Watanymyzyň şöhratly taryhyny, halkymyzyň arassa akabasyndan gözbaş alýan, müňýyllyklaryň dowamyndaky tejribeleriň, synaglaryň netijesinde kemala gelen medeni-ruhy gymmatlyklaryny aýap saklamagy, durmuşda olardan dogry peýdalanmagy öwretmekde we ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde kitaplaryň orny örän ulydyr. Kitap adama ruhy baýlygy peşgeş berip, ol ynsan durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Çuňňur mazmunly kitaplar, ajaýyp eserler ynsan üçin uly tapylgysyz sowgatdyr.  Türkmen halky mydama kitaba aýratyn sarpa goýupdyr. Ata-babalarymyz öý-ojaklarynda kitaby aýratyn aýawly saklap, gözleriniň göreçlerine deňäpdirler. Şol mukaddes ýörelgeler häzirki  asuda, parahat, bagtyýar zamanymyzda döwrebap dowam etdirilýär. Döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanýan ýurdumyzyň bagtyýar kitaphanaçylary ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny, ösdürmäge hem-de aýawly saklamaga, şeýle-de nusgawy ýazyjy şahyrlarymyzyň edebi çeper döredijiligini çuňňur öwrenilip geljekki nesillere miras goýulmagy ugrunda  giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuwlaýarlar.

Enegyz ATAÝEWA,

Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň,
2-nji derejeli kitaphanaçysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok