Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Rejina de Dominiçis Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny tamamlady. Saparyň dowamynda geçirilýän duşuşyklaryň esasy maksady çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek boldy.

 Saparyň dowamynda Regina de Dominiçis Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri, şol sanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Baýramgül Orazdurdyýewa we Hojamyrat Geldimyradow, Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Ýazdursun Gurbannazarowa, şeýle hem Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda taraplar çagalaryň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sebit direktory Hökümetiň we hyzmatdaşlaryň çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny goramaga ýokary ygrarlydygyny nygtap, 2026–2030-njy ýyllar üçin ÝUNISEF bilen täze bilelikdäki Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçiriljekdigini tassyklady. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde çagalaryň irki ösüşi, maýyplygy bolan çagalary goldamak, howa durnukly «ýaşyl mekdepleri» ösdürmek, ýaşlary işjeňlige çekmek hem-de döwlet maliýe ulgamlaryny güýçlendirmek ýaly meseleler bellenildi.

Sapar çäklerinde sebit direktory Mary welaýatyna baryp, Welaýat çagalar hassahanasynda we 3-nji Saglyk öýünde bolup, lukmançylyk işgärleri, ene-atalar we çagalar bilen duşuşdy. Ol ýerde eneligi we çagalygy goramaga, irki ösüşe gönükdirilen maýa goýumlaryň ýerlerde hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyna nähili kömek edýändigini synlady.

Aşgabatda Rejina de Dominiçis 74-nji synag inklýuziv mekdebinde bolup, çagalaryň inklýuziv bilim gurşawynda okuw prosesine göz ýetirdi. Mugallymlar we hünärmenler her bir okuwçynyň şahsy goldaw almagynyň onuň ynamyny artdyrmaga we mümkinçiliklerini giňeltmäge nähili kömek edýändigini düşündirdiler.

Şeýle hem sebit direktory Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşdy. Çykyşynda çagalaryň bähbitleriniň döwlet we jemgyýetçilik syýasatlarynyň merkezinde durmagynyň durnukly ösüş we parahatçylyk üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Sapar Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili bilen geçirilen duşuşyk bilen tamamlandy. Duşuşykda ÝUNISEF çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik etmäge we BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça komitetiniň 2024-nji ýyldaky jemleýji belliklerini durmuşa geçirmäge goldaw berjekdigini tassyklady.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok