Häzirki wagtda dünýä döwletlerinde ykdysady ösüşiň geljegi sanly innowasiýalara daýanýan, döwrebap tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem sanlylaşdyrmak işleriniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirýär, şol bir wagtyň özünde ýaşlaryň döwrebap innowasion serişdelerden peýdalanmagy üçin maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagyny talap edýär.
Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda we guramalarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy olaryň maliýe ýagdaýyna we alyp barýan işleriniň ahyrky netijelerine seljerme geçirmegiň wajyplygyny ýüze çykarýar. Şeýle şertlerde maliýe analiziniň usullary möhüm ähmiýete eýe bolýar. Maliýe analiziniň usulyýet esasynda alnyp barylmagy maliýe görkezijilerini ulgamlaýyn we toplumlaýyn öwrenmäge, ölçemäge hem-de umumylaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa edara-kärhanalaryň işiniň netijeliligine täsir edýän esasy sebäpleri anyklamaga we baha bermäge mümkinçilik berýär.
Maliýe analiziniň baş maksady edara-kärhanalaryň we guramalaryň maliýe ýagdaýy, maliýe netijeleri hem-de pul serişdeleriniň hereketi barada hasabatdan peýdalanýan taraplara ykdysady taýdan dogry çözgüt kabul etmek üçin zerur maglumatlary bermekden ybaratdyr.
Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda, maliýe analizi üç tapgyrda amala aşyrylýar. Birinji tapgyrda analiziň degişli usuly saýlanyp alynýar. Ikinji tapgyrda maglumatlaryň hiline baha berilýär we maliýe hasabatlarynyň deňeşdirilip bolujylygy üpjün edilýär. Üçünji tapgyrda bolsa maglumatlary özgertmek, görkezijileri ulgamlaşdyrmak we düşündirmek üçin standart usullar we tärler ulanylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe talyp ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine berilýän üns ýaşlaryň bilim derejesiniň we durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna oňyn täsir edýär.
Döwrebap sanly innowasiýalaryň, täze tehnologiýalaryň hem-de öňdebaryjy halkara tejribeleriň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagy kabul edilýän çözgütleriň ýurdumyzyň uzak möhletleýin ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.
Döwletmyrat AMANNAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň mugallymy.
Teswirler