20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasy tarapyndan ýyllyk Roždestwo kitap sergisi guraldy. Wekilhananyň binasynyň howlusynda geçirilen sergi şu ýyl üçünji gezek geçirilýär. Serginiň esasy maksady okamak medeniýetini we sowatlylygy ösdürmek, Ýewropa ýurtlarynda giňden ýaýran Roždestwo ýarmarka däplerini paýlaşmak, şeýle-de kitap alyşmak arkaly jogapkärli hem-de ekologiýa taýdan arassa garaýyşlary öňe sürmekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Bu maksat bilen çärä dürli kitap dükanlary gatnaşdy. Sergä gelen myhmanlar kitap satyn almak, öz kitaplaryny başga okyjylar bilen çalyşmak, senetçilik önümleriniň taýýarlanyşyny synlamak, surat çekmek hem-de reňklemek ýaly mümkinçiliklerden peýdalandylar.
Şeýle bolansoň, sergi uludan-kiçä hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Kitap alyşmak nokadyna, Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Fransuz instituty iňlis we fransuz dillerinde peýdaly we meşhur kitaplaryň köp sanlysyny sowgat beripdir. Bu başlangyç myhmanlara kitap alyşmaga we olara ikinji ömür bermäge mümkinçilik berdi.
Ýarmarka Aşgabadyň öňdebaryjy kitap dükanlary tarapyndan hödürlenen neşirleriň giň görnüşi bilen köp sanly myhmanlary özüne çekdi. Iň ýaş kitap söýüjiler Çagalaryň wiktorinasyna işjeň gatnaşdylar, söýgüli hekaýalary we edebi gahrymanlary baradaky bilimlerini synap gördüler we Aýaz baba hat ýazmak, palçykdan heýkeljikleri modelleşdirmek we reňklemek, şeýle hem surat çekmek ýaly döredijilik işlerine gatnaşdylar.
Däp bolan Ýewropa aşhanasynyň tagamlary hem-de baýramçylyk sazlary mähirli, myhmansöýer gurşawy döretmäge goşant goşdy we sergini ähli ýaşdaky myhmanlar üçin üçin gyzykly ýere öwürdi.
Sylapberdi ATABAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň,
Ykdysadyýet fakultetiniň talyby.
Teswirler