Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Eksport Harytlarynyň Sergisi geçiriler

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 12-nji Türkiýe Respublikasynyň Eksport Harytlarynyň Sergisi geçiriler. Halkara derejeli bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda (Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 143-nji jaý) guralar.

Serginiň esasy maksady Türkiýäniň dürli pudaklarynda öndürilýän ýokary hilli eksport harytlaryny Türkmenistanyň işewür toparlaryna, kärhanalara hem-de giň jemgyýetçilige tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, bu sergi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de özara tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolar.

Serginiň çäklerinde arassaçylyk we şahsy arassaçylyk önümleri, awtoşaýlar, çörek kärhanalary üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalygy üçin häzirki zaman tehnikalar (ammarlar, ahyrlar, süýt sagyjy enjamlary), gurluşyk materiallary, aşhana enjamlary (restoranlar, myhmanhanalar, kafeler we bilim edaralary üçin), kanselýariýa harytlary, mebel önümleri, öý-hojalyk tehnikasy, gaplama enjamlary, konditer we şokolad önümleri, süýt önümlerini öndürmek hem-de saklamak üçin enjamlary, şeýle hem zergärçilik önümleri üçin basyş formalary görkeziler.

Mundan başga-da, sergide Türkiýe Respublikasynda öndürilýän häzirki zaman tehnologiýalary we beýleki köp sanly innowasion harytlar bilen tanyşmak mümkinçiligi dörediler. Bu halkara çäre Türkmenistanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny açmaga hem-de söwda gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge hyzmat eder.

12-nji Türkiýe Respublikasynyň Eksport Harytlarynyň Sergisini Meridyen International Fair Organization guramaçylyk taýdan amala aşyrar. Guramaçylyk topary ähli gyzyklanýan işewürleri, kompaniýalary we raýatlary bu iri halkara sergä işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok