«Türkmen alabaýy ynsanyň wepaly dosty» atly maslahat duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň dabaralar zalynda jemgyýetçilik ähmiýetli çäre — «Türkmen alabaýy ynsanyň wepaly dosty» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi hem-de degişli düzümler bilelikde guramaçylyk etdiler.

Maslahat duşuşygynda çykyş edenler türkmen alabaý itleriniň müňýyllyklardan gözbaş alýan ösdürip ýetişdiriliş sungaty, olaryň saklanylyşy, degişli idegi hem-de bu ugurdaky halk ýörelgeleri barada örän gyzykly we täsirli maglumatlar bilen çykyş etdiler. Alabaýlaryň türkmen halkynyň medeni mirasynda eýeleýän aýratyn ornuna, olaryň mertebesiniň dünýä derejesinde ykrar edilip, “ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna” girizilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok