Täze ýylyň şowhuny, gurşap alýar çar ýany

Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilen Täze ýyl hem ýetip gelýär. Şu pursatlarda ýurdumyzyň ýene bir geçen döwrüniň jemleri jemlenip, geljek üçin anyk meýilnamalar düzülýär. Tutuş Diýarymyz baýramçylyk keşbine girdi, Watanymyzyň her bir künjegini ýokary ruhubelentlik gurşap aldy. Munuň özi döwletlilikden nyşandyr.

Bütin dünýäde adamzadyň ýagşy umytlar, nurana arzuwlar bilen söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bagtyýar maşgalalaryň bereketli ojaklarynda agzybirligiň, bagtyýarlygyň aýdyň nyşanyna öwrülip, şatlyk-şowhuna beslenýär. Ýakymly ýatlamalara baý baýramçylyk ynsan kalbyny şatlykdan dolduryp, adamlara ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berýär.

Häzirki döwürde beýik akyldar şahyrymyz Мagtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, halkymyzyň asuda, agzybir we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary hasyl boldy. Arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasynda indi tutuş halkymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyny hem mynasyp derejede garşy alýar.

Şu günler ýurdumyz has-da gözel görnüşe girip, baýramçylyk öwüşginleri bilen görenleri haýrana goýýar. Bu tebigy ýagdaýdyr. Her bir täze gün döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň, Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly özüniň rysgal-berekedi bilen halkymyzy guwandyrdy. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ähli ugurlarda üstünlige beslenen 2025-nji ýyl her bir adamyň kalbyna buýsanç, ýüregine mähremlik çaýdy. Täze ýyl baýramynyň ýakymly pursatlarynda her bir ynsan ýakynlaryny gutlap, dost-ýarlaryna, dogan-garyndaşlaryna, goňşy-golamlaryna päk arzuwlar edýär. Munuň özi bagtly, parahat we asuda durmuşdan nyşandyr.

Baky bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda şadyýan çagalaryň şirin owazlary belentden ýaňlansyn! 2026-njy ýyl türkmen halkymyza rysgal-bereket, bagtyýarlyk getirsin!

Güljan HALLYÝEWA,

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok