Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde, ýagny, 11-nji dekabrda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinden watandaşlarymyzy begendiren hoş habar geldi. Ol ýerde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly hödürnamasy biragyzdan kabul edildi.
Alabaý itleri türkmen halkynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň hatarynda görülýär. Ynsana mahsus düşbüligi bilen tapawutlanýan, gadymylygy bilen saýlanýan alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de kämilleşdirmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda bu gün guwandyryjy işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky taýsyz tagallalary bilen milli itşynaslyk sungaty, halk seçgiçilik usullary, itçilik we kinologiýa işi rowaçlyklara beslenýär.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyzyň baý taryhy we medeni gymmatlyklary häzirki güne çenli goralyp saklanýar. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem özüniň akyllylygy, wepalylygy, düşbiligi bilen bütin dünýäni haýrana goýan türkmen alabaýydyr. Iň gadymy hem naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýan türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleri BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünliklere beslenen ýyllaryň biridigini ýene bir gezek äşgär etdi.
Häzirki wagtda türkmen halkynyň ahalteke bedewleri, halylary ýaly milli baýlyklary bilen bir hatarda alabaý itlerine hem belent sarpa goýulýar. Bu gün türkmen alabaýynyň abraý-mertebesiniň älem-jahana dolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle netijäniň gazanylmagy üçin geçilen ýollarda örän uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, «Aziada — 2017» oýunlarynyň nyşany hökmünde ýaşajyk alabaýyň — Wepalynyň keşbiniň saýlanyp alynmagyny, edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegini, paýtagt şäherimiziň görnükli ýerinde «Türkmen alabaýy» atly heýkeliň ýerleşdirilendigini, şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilýändigini, Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap binalar toplumynyň açylandygyny, her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň, türkmen alabaýlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň geçirilýändigini we başga-da birnäçe netijeli işleri guwanç bilen bellemek bolar.
Aýlar ROZYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mekdep müdiriniň
terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
Teswirler