Häzirki döwürde sanly ykdysadyýet döwletiň ösüş derejesini kesgitleýän esasy görkezijileriň birine öwrülýär. Maglumat tehnologiýalarynyň ykdysady gatnaşyklara giňden ornaşdyrylmagy dolandyryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyryp, önümçilikden başlap hyzmatlar ulgamyna çenli ähli ugurlarda täze mümkinçilikleri döredýär.
Sanly ykdysadyýet arkaly ykdysady prosesler has aç-açan häsiýete eýe bolýar. Elektron hasabatlar, sanly maglumatlar binýady we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary karar kabul etmegiň tizligini artdyrýar. Bu ýagdaý döwlet edaralarynyň işini ýeňilleşdirip, işewürlik gurşawynyň durnukly ösmegine şert döredýär.
Şeýle hem sanly ykdysadyýet täze işewürlik modelleriniň emele gelmegine itergi berýär. Startaplar, sanly hyzmatlar, elektron söwda we onlaýn platformalar bazar gatnaşyklarynyň täze görnüşlerini döredýär. Bu bolsa ýaşlaryň ykdysady işjeňligini artdyrmaga we innowasion pikirleriň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berýär.
Netijede, sanly ykdysadyýet döwletiň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrýan, dolandyryşy kämilleşdirýän we geljekki ösüş üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler