«Magtymguly Pyragy» atly türkmen-özbek filmy «Oltin Humo» baýragynyň baş baýragyny gazandy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylarynyň bilelikdäki tagallalary bilen döredilen «Magtymguly Pyragy» çeper filmi Özbegistanda geçirilýän «Oltin Humo» milli kino baýragynyň baş ugry boýunça ýeňiş gazandy. Film «Iň gowy film» diýen ada eýe bolup, şeýle hem grim we egin-eşik bezegi boýunça iň gowy işler hökmünde aýratyn baýraklar bilen sylaglandy. Bu abraýly sylagy filmiň goýujy režissýory Muzaffar Erkinow kabul etdi. Gazanylan üstünlik iki goňşy döwletiň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň we dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Giň gerimli kino taslama Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp döredildi. Surata düşüriliş işleri Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň we Özbegistanyň Milli kinematografiýany ösdürmek merkeziniň goldawy bilen geçirildi. Filmiň goýujy režissýory özbek režissýory Muzaffar Erkinow boldy, esasy keşpleri bolsa türkmen sahnasynyň ussatlary ýerine ýetirdiler: şahyryň keşbini aktýor Ahmet Amandurdyýew, onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew janlandyrdy.

Filmiň mazmuny tomaşaçyny XVIII asyra alyp baryp, Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, ruhy gözlegleri we döredijilik dünýäsi barada giňişleýin gürrüň berýär. . Awtorlar şahyryň sebitiň meşhur ruhy mekdeplerinde — Buharadaky «Gögeldaş» we Hywadaky «Şirgazy han» medreselerinde bilim alan ýyllaryna aýratyn üns berdiler. Film Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýörite karary esasynda Özbegistanda nusgawy şahyryň ýubileýiniň giňden bellenilmeginiň çäklerinde döredildi.

««Oltin Humo» baýragyndaky ýeňiş kinonyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň dowamy boldy. Mundan öň film Bolgariýada, Beýik Britaniýada (London) we Russiýada (Kazan) geçirilen halkara kinofestiwallarda baýraklara mynasyp bolup, IV «Gorkut Ata» halkara kinofestiwalynda «Iň gowy çeper film» diýen ada eýe bolupdy. Häzirki wagtda film daşary ýurtly tomaşaçylaryň arasynda uly gyzyklanma döredip, türkmen halkynyň beýik şahyrynyň mirasy bilen tanyşdyrýar.

Ogulkeýik BÄŞIMOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Fakultet Pediatriýa kafedrasynyň asisstenti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok