Ýaşlaryň gazanan üstünliklerine bagyşlanan brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Hormatly Prezidentimiziň dürli ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterip, halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda dünýä derejesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurmaklygy mynasybetli brifing duşuşygy geçirildi

Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurtda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär.

Brifingiň dowamynda institutyň talyplary — Ataýewa Dursunjemal we Goçyýew Nurmuhammet tarapyndan gazanylan üstünlikler, olaryň dürli derejedäki ders bäsleşiklerine taýýarlyk işleri barada mazmunly çykyşlar edildi. Şeýle hem gatnaşyjylar bilen sorag-jogap görnüşinde söhbetdeşlik guraldy.

Duşuşygyň dowamynda institutyň ruhubelent talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyny wasp edýän birnäçe aýdymlar diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok