Energetika ulgamy ykdysady ösüşiň binýatlyk sütünleriniň biri

Häzirki döwrüň ykdysady ösüşini energetika ulgamsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Energiýa serişdeleri ýurduň önümçilik kuwwatynyň, senagat ösüşiniň we durmuş abadançlygynyň esasy daýanjy bolup durýar. Şol sebäpli energetika ulgamy ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji hökmünde möhüm orny eýeleýär.


Türkmenistan baý tebigy gaz, elektrik energiýasy we beýleki energiýa serişdeleri bilen üpjün edilen ýurt hökmünde energetika ulgamyny milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürýär. Energiýa serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegine uly itergi berýär.


Energetika ulgamynyň ösmegi senagatyň beýleki ugurlarynyň hem işjeňleşmegine şert döredýär. Elektrik energiýasy, ýangyç üpjünçiligi we energetika infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi önümçiligiň giňelmegine, täze kärhanalaryň açylmagyna hem-de iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurduň umumy içerki önüminiň artmagyna we ykdysady görkezijileriň gowulanmagyna täsir edýär.


Şeýle-de energetika ykdysadyýetiň halkara derejesindäki orny bilen hem berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan energetika serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak arkaly halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar, sebitara taslamalara gatnaşýar we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürýär. Bu ugurda alnyp barylýan syýasat ýurduň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.


Energetika ulgamynda innowasiýa we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem ykdysady ösüşiň täze mümkinçiliklerini açýar. Energiýanyň tygşytly ulanylmagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi we ekologik durnuklylygyň üpjün edilmegi häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Bu çemeleşmeler ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýagdaýda alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok