Türkmenistanda ylmy mümkinçilikleri giňeltmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olara yzygiderli goldaw bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, talyplaryň dürli derejedäki ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanmagynda halypa-şägirt gatnaşyklary möhüm orun eýeleýär. Halypa – tejribeli mugallym hökmünde diňe sapak beriji däl, eýsem, ýaş zehinleriň düşünjesini giňeldýän, gözýetimini artdyrýan ruhy goldawçydyr. Şägirt bolsa öz gezeginde halypanyň öwredýän ylmy maglumatlaryny çuňňur özleşdirip, täzeçe pikirlenmäge we döredijilikli çemeleşmäge ymtylýar. Şeýle sazlaşykly hyzmatdaşlyk üstünlikli netijeleriň berk binýadyny emele getirýär.
Ders bäsleşiklerine taýýarlyk döwründe halypalar talyplaryň ukybyny seljerip, olaryň güýçli hem gowşak taraplaryny anyklaýarlar. Şondan soň, aýratyn okadyş meýilnamasy düzülip, her bir şägirde uýgunlaşdyrylan okuw usullary ulanylýar. Şeýle maksatlaýyn taýýarlyk bäsleşiklerde netijeli çykyş etmäge mümkinçilik berýär.
Bäsleşiklere gatnaşýan talyplar diňe ylmy taýýarlyk boýunça däl, eýsem psihologiki taýdan hem goldawy talap edýärler. Halypanyň güýçli motiwasiýa beriji ýolbaşçylygy ýaşlaryň özüne bolan ynamyny artdyrýar, jogapkärçilik duýgusyny güýçlendirýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda talyplaryň halkara we milli derejedäki ders bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleriniň artmagy hem halypa-şägirt hyzmatdaşlygynyň netijelidigini görkezýär. Her bir ýeňiş diňe bir şägirdiň tagallasy bolman, eýsem, ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan yzygiderli özgertmeleriň hem-de tejribeli mugallymlaryň döredijilikli zähmetiniň miwesidir.
Ýurdumyzda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösdürilmegi zehinli, jogapkärçilikli we döredijilikli nesliň kemala gelmegine mümkinçilik berýär.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler