Onkologiýa ulgamynda döwrebap bejeriş usullary boýunça okuw geçirildi

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň onkolog lukmanlary üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) ýurtdaky edarasy tarapyndan, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) goldawy bilen ýörite okuw kursy geçirildi. Okuw çäreleri Ylmy-kliniki onkologiýa merkezinde geçirilip, lukmanlaryň onkologik keselleri bejermekde häzirki zaman usullary boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Okuw maksatnamasynda port-ulgamlarynyň ulanylyşy hem-de kateter arkaly himiýaterapiýa bejeriş usullary esasy ugur hökmünde kesgitlenildi. Okuwa BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň, Ýewraziýa çagalar onkologiýasy we gematologiýasy mekdebiniň, şeýle-de Moskwa şäherindäki iri onkologiýa klinikalarynyň bilermenleri gatnaşdylar.

Okuw maksatnamasy amaly we nazary sapaklary, kliniki işleriň wideo-görkezişlerini hem-de uly ýaşlylaryň we çagalaryň onkologiýasyny bejermegiň täzelenen meýilnamalaryny öz içine aldy. Çagalar ragyna garşy bütindünýä başlangyçlaryň çäklerinde milli ülňüleri BSGG-niň maslahatlaryna laýyk getirmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Bu okuw kursy BSGG-niň we BMGÖM-niň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça bilelikde durmuşa geçirýän taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny berkitmek ugrundaky toplumlaýyn işleriň bir bölegi boldy.

Ogulabat ANNABERDIÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Fakultet Pediatriýa kafedrasynyň asisstenti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok