Türkmenistan halkara giňişliginde parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen tanalýar. Hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň diňe bir syýasy saýlawy bolman, eýsem, dünýä durnuklylygyna gönükdirilen strategik ýoludyr.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty döwletleriň arasynda gapma-garşylyklary dialog arkaly çözmäge, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu ýörelge ýyllarboýy ýurdumyzyň daşary syýasatynda esasy ugur bolup, sebitde we dünýäde ynam döredýän döwlet hökmünde tanalmagyna mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar, onlarça abraýly halkara guramalaryň çäginde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu gatnaşyklaryň binýadynda hem Bitaraplygyň parahatçylykly, deňhukukly we özara bähbitli ýörelgeleri durýar. Şeýle çemeleşme ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagyna şert döredýär.
Bitaraplyk diňe daşary syýasat bilen çäklenmän, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklara hem oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarynda köpri wezipesini ýerine ýetirip, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ulag-energetika taslamalaryny ilerletmäge we sebitdäki durnukly ösüşe goşant goşmaga çalyşýar.
12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilmegi hem Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň ähmiýetini aýdyň görkezýär. Bu sene Bitaraplygyň diňe bir bir ýurduň däl, eýsem tutuş adamzadyň parahat geljegi üçin möhüm gymmatlykdygyny tassyklaýar.
Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan saýlap alan bu ýoluna ygrarly bolup, parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda işjeň başlangyçlary öňe sürýär. Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan bu syýasat ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda, dünýäde parahatçylyk medeniýetiniň berkemegine hem mynasyp goşant goşýar.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler