Hytaý dilini öwrenmegiň ähmiýeti

Häzirki wagtda dünýä köpugurly ösüş ýoluna gadam basyp, ýurtlaryň arasynda ykdysady, syýasy, ylmy we medeni gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Şeýle şertlerde daşary ýurt dillerini bilmek diňe bir şahsy ösüşiň däl, eýsem döwletleriň halkara hyzmatdaşlygynyň hem möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Şol dilleriň arasynda hytaý dili aýratyn ähmiýete eýedir.

Hytaý dili häzirki wagtda dünýäde iň köp adam tarapyndan gepleşilýän dildir. Statistiki maglumatlara görä, hytaý dilinde gepleýänleriň sany 1,4 milliarddan hem geçýär. Bu görkeziji hytaý dilini öwrenmegiň diňe bir dil taýdan däl, eýsem kommunikasiýa we maglumat giňişligine çykmak babatda hem örän uly mümkinçilikleri döredýändigini görkezýär. Hytaý dilini bilmek bilen adam dünýä ilatynyň ep-esli bölegi bilen göni aragatnaşyk gurup bilýär.

Soňky onlarça ýylyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasy dünýäniň öňdebaryjy ykdysady döwletleriniň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Hytaý dünýäniň iň iri eksport edijileriniň, senagat önümçiliginiň we innowasion tehnologiýalaryň merkezleriniň biri bolup durýar. Şeýle ýagdaýda hytaý dilini bilmek işewürlik, söwda, logistika, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Köp halkara kompaniýalary we guramalar Hytaý bilen hyzmatdaşlykda işleýän işgärlerinden hytaý dilini bilmegi talap edýärler. Şonuň üçin hem bu dili öwrenmek ýaş hünärmenler üçin bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrýan möhüm faktor bolup durýar.

Hytaý döwleti ýokary bilim ulgamynyň ösüşine aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda Hytaýyň köp sanly uniwersitetleri dünýä reýtinglerinde öňdäki orunlary eýeleýär. Hytaý hökümeti daşary ýurtly talyplar üçin dürli grant maksatnamalaryny we stipendiýalary hödürleýär. Bu mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin bolsa hytaý dilini bilmek esasy şertleriň biridir.
Hytaý dilini öwrenmek arkaly talyplar diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem ylmy barlaglara gatnaşmak, täze tehnologiýalar bilen tanyşmak, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Hytaý siwilizasiýasy dünýäniň iň gadymy we baý medeni miraslarynyň birine eýedir. Konfusiýaçylyk, daosizm, hytaý filosofiýasy, edebiýaty, sungaty we däp-dessurlary müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelipdir. Bu baý medeni mirasy çuňňur öwrenmek üçin terjime arkaly däl-de, asyl dilinde düşünmek aýratyn ähmiýete eýedir. Hytaý dilini bilmek adama hytaý halkynyň dünýä garaýşyna, pikirleniş aýratynlyklaryna we milli mentalitetine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa medeniýetara dialogyň ösdürilmegine, özara hormatyň we ynanyşmagyň pugtalanmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandyr. Energetika, ulag-logistika, söwda, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk ýylsaýyn giňeýär. Şeýle şertlerde hytaý dilini bilýän hünärmenlere bolan isleg artýar. Hytaý dilini öwrenmegi iki ýurduň arasynda hünärmenleriň, terjimeçileriň, diplomatlaryň, ykdysadyýetçileriň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär. Bu bolsa öz gezeginde döwletimiziň halkara giňişligindäki ornuny pugtalandyrýar.

Islendik daşary ýurt dilini öwrenmek adamyň aň-düşünjesini giňeldýär, pikirleniş ukybyny ösdürýär. Hytaý dili bolsa özboluşly ýazuw ulgamy, fonetik aýratynlyklary we grammatiki gurluşy bilen tapawutlanýar. Bu dili öwrenmek zähmetsöýerligi, sabyrlylygy we analitiki pikirlenmegi ösdürýär.
Mundan başga-da, birnäçe dil bilýän adamlar täze şertlere has çalt uýgunlaşýarlar, dünýä meselelerine giňişleýin nukdaýnazardan garaýarlar.

Netijede, hytaý dilini öwrenmek häzirki zaman şertlerinde diňe bir bilim maksatly iş däl, eýsem strategik taýdan möhüm ädimdir. Ol ykdysady, ylmy, medeni we diplomatik mümkinçilikleri açýar, şahsy ösüşe güýçli itergi berýär. Şonuň üçin hem ýaş nesliň hytaý diline bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, ony öwrenmek üçin döwrebap şertleri döretmek häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridir.

Aýna NURMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok