15–17-nji dekabr aralygynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji mejlisi geçiriler. Çäräniň esasy maksady ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge goldaw bermek, parlamentara gepleşikleri çuňlaşdyrmak we ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakdyr. Umumy mejlis “Adam mertebesi, durmuş adalaty we daşky gurşawy goramak üçin hyzmatdaşlyk” atly şygar bilen geçiriler we ýakyn geljek üçin sebitara özara hereketiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlär.
Maksatnamanyň çäginde iki sany mowzuklaýyn sessiýa geçirmek meýilleşdirilýär: birinjisi – “Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly özgerişlik we senagat: sebitiň ýurtlarynyň abadançylygyna ýetmegiň ýollary”, ikinjisi – “Durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak: ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde parlamentleriň orny”. Mundan başga-da, kanunçylyk tejribesini öwrenmek, ylmy merkezleriň wekilleri bilen pikir alyşmak maksady bilen parlamentara komissiýalaryň hem-de dostluk toparlarynyň duşuşyklary göz öňünde tutulýar.
Mejlisiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny berkidýän Bilelikdäki Beýannama kabul etmek meýilleşdirilýär. Bu görnüşdäki duşuşyklaryň ilkinjisi 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Seulda, ikinjisi bolsa 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilipdi.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler