Türkmen talyplarynyň halkara olimpiadada gazanan üstünlikleri

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralara Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan guralan V​ Açyk halkara internet olimpiadasy aýratyn baýramçylyk ruhuny goşdy. Bu bäsleşik ýurdumyzyň hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän 53 ýokary okuw mekdebinden 378 talyby bir ýere jemläp, fizika boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Ýaşlar degişli meseleleri häzirki zaman sanly tehnologiýalary arkaly çözmekde öz ukyp-başarnyklaryny netijeli görkezýärler.

Olimpiadada ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdebiniň talyplary bilen birlikde Russiýa, Özbegistan, Hytaý, Belarus hem-de ABŞ ýaly döwletleriň talyplary hem ýokary bahalara mynasyp boldular. Ýeňijilere diplomlar we sowgatlar gowşuryldy. Gazanylan bu üstünlikler ýurdumyzyň ýaşlarynyň şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň bütin halkyna ýetirýän ajaýyp sowgadyna öwrüldi.

Şu günlerde mugallymçylyk institutynyň tebigy bilimler fakultetiniň talyplary hem üstünlikli çykyş edip, Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan guralan IV​ halkara internet olimpiadasynda 9 baýrakly orny eýelediler. Olaryň arasynda altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolanlar hem bar. Bu netijeler talyplaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny täzeje görkezýär.

Kafedranyň​ müdiri Maýsa Weýisowa​ taýýarlyk işleriniň netijeliligini belläp, geljekde hem talyplara döwrebap ylym-bilim bermegiň ileri tutuljak ugruň boljakdygyny nygtady. Talyp ýaşlarymyzyň halkara internet olimpiadasynda gazanan bu üstünlikleri hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna türkmen ilinde uludan tutulýan toýuň dabarasyny has-da belende göterýär.

Bahor​ ŞERALIÝEWA​,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok