Gyz edebi – il edebi

Türkmen jemgyýetinde gyz edebi diňe bir şahsy terbiýä degişli düşünje bolman, eýsem tutuş iliň ahlak derejesini, ruhy gymmatlyklaryny we milli keşbini kesgitleýän ölçegdir. Halk arasynda giňden ulanylýan “Gyz edebi – il edebi” diýen pähim hem hut şu hakykatyň düýp manysyny açyp görkezýär.

Asyrlaryň dowamynda türkmen gyzynyň edebi, agraslygy, mylaýymlygy we abraýy maşgala terbiýesiniň, jemgyýetçilik gatnaşyklaryň we milli däpleriň aýrylmaz bölegi bolup gelýär. Gyz edebi ene terbiýesinden başlanýar, maşgala mekdebinde kämilleşýär we jemgyýetde öz beýanyny tapýar. Şol sebäpden hem gyzlaryň edep-terbiýesi diňe bir maşgala däl, eýsem jemgyýetçilik ähmiýetine eýe mesele hökmünde kabul edilýär.

Gyz edebinde halkyň taryhy tejribesi, ahlak kadalary we durmuş filosofiýasy jemlenýär. Sabyr, salyhatlylyk, sözünde durmak, ululary sylamak, kiçileri goramak ýaly häsiýetler türkmen gyzynyň edebiniň esasy sütüni bolup durýar. Bu gymmatlyklar jemgyýetiň agzybirligini saklamaga, nesilleriň arasynda ruhy baglanyşygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Häzirki döwürde gyz edebiniň manysyna täze jemgyýetçilik şertlerinde has giň manyda seretmek bolar. Bilimli, döwrebap, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan, şol bir wagtyň özünde milli edep kadalaryna sadyk gyzlar jemgyýetiň ösüşiniň möhüm güýçleriniň birine öwrülýär. Bu ýagdaý gyz edebiniň diňe geçmişiň mirasy däl-de, geljegiň hem binýady bolup durýandygyny görkezýär.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok