Maslahata Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýolbaşçylyk etdi. Oňa dünýäniň dürli döwletlerinden ýolbaşçy zenanlar, halkara guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar, talyplar we okuwçylar gatnaşdy.
Myhmanlaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanyň başlygy Saida Mirziýoýewa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowa we başga-da köp sanly ýolbaşçy zenanlar gatnaşdy.
Forumyň dünýäniň dürli künjeginden gelen wekilleri özüne çekmegi Türkmenistanyň ynsanperwer ugrukly başlangyçlarynyň giň goldawa eýedigini görkezdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa daşary ýurtly wekilleri mähirli garşy alyp, olar bilen bilelikde surata düşdüler. Surata düşülenden soňra wekiliýet ýolbaşçylary forumyň çäklerinde guralan sergä tomaşa etdiler.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlary hem-de Arkadag şäheri öz bilelikdäki diwarlyklary bilen çykyş etdiler. Bu ýerde ýurdumyzyň baý medeni mirasy, şeýle hem dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler görkezildi Welaýatlaryň diwarlyklarynda şol sebite degişli çykyşlar myhmanlara uly gyzyklanma döretdi.
Soňra halkara maslahat öz işine başlap, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, bu maslahatyň zenanlaryň mümkinçilikleri maslahatlaşmak üçin örän uly ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle-de dürli ýurtlaryň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň gender deňligi, şeýle hem ýurdumyzda zenanlaryň öz mümkinçilikleri giňden açyp görkezmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini bellediler.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Teswirler