Wirtual aktiwler — Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň täze ugry hökmünde

Dünýäniň sanly ösüşi bilen birlikde ykdysady gatnaşyklaryň täze görnüşi – wirtual aktiwler giňden ýaýraýar. Wirtual aktiw diýlende, blokçeýn ýa-da beýleki paýlanyşykly reýestr ulgamlary arkaly döredilip, saklanylýan we dolandyrylýan bahaly sanly maglumat toplumyna düşünilýär. Olar resmi pul birligi däl, emma emläk hukuklary, maýa goýum serişdeleri, sanly hyzmatlar ýaly ugurlarda ähmiýetli orny eýeleýär. Şeýle aktiwler dünýäde maýa goýumlary çaltlaşdyrýar, maglumat akymyny ýeňilleşdirýär we täze ykdysady mümkinçilikleri döredýär.


Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda Türkmenistan «Wirtual aktiwler hakynda» täze Kanuny kabul etdi. Bu kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär we wirtual aktiwleriň döredilmegi, goýberilmegi, saklanylmagy, dolanyşy hem-de ulanylyşy boýunça doly hukuk binýadyny döredýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly maliýe giňişliginiň kadalaşdyrylmagy döwlet derejesinde ilkinji gezek jemgyýetçilik-hukuk taýdan berkidildi.


Täze kanun ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde strategiki ähmiýete eýedir. Ilki bilen, wirtual aktiwleriň emissiýasynyň döwlet tarapyndan tertiplendirilmegi maýa goýum proseslerini has açyk we ygtybarly edýär. Bu bolsa içerki hem-de daşary ýurt maýadarlarynyň işe gatnaşmagyny ýeňilleşdirýär. Şu düzgüniň esasynda täze innowasion ugurlar – kriptomaýning, sanly gapjyklary dolandyrmak, blokçeýn hyzmatlary, sanly şertnamalaryň ulanylyşy ýaly mümkinçilikler giňelder.


Kadalaşdyrylan sanly giňişlik ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda – energetikada, tehnologik başlangyçlarda, maliýe hyzmatlarynda – täze iş mümkinçiliklerini döredýär. Şeýle hem ýokary hünärli sanly kadrlary taýýarlamak ugrunda möhüm basgançak bolup hyzmat edýär.


Umuman alanyňda, wirtual aktiwlere degişli täze kanun Türkmenistanyň sanly ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri boldy. Bu ädim ýurdumyzyň global ykdysady giňişlige giňden goşulyşmagyny çaltlandyrar, täze maýa goýum mümkinçiliklerini döredip, innowasiýalara ýol açar. Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply bolmak ugrunda möhüm we ýerlikli ýol bilen öňe hereket edýär.

Haknazar HALJANOW,

“Döwletli Nesibe” HJ-niň direktory,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň

Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler
merkeziniň utgaşdyryjysy, IT bilermeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok