Dekabr aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Hakyda göwheri – türkmeniň taryhy we mirasy barada ajaýyp eser” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly kitaby ýaşlaryň terbiýesinde möhüm ähmiýete eýedigi, eserde watansöýüjilik, ynsanperwerlik we ahlak temalarynyň aýratyn üns bilen beýan edilýändigi barada çykyşlar edildi.
Duşuşygyň dowamynda kitabyň içindäki gyzykly wakalar, rowaýatlar gatnaşyjylara giňişleýin düşündirildi. “Hakyda göwheri” atly eseriň mugallymlar üçin hem milli medeniýeti, geçmiş mirasymyzyň gymmatly, ygtybarly çeşmesidigi, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm gollanma höküminde hyzmat edýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar eziz halkymyzyň her gününi toý-baýram, şanly wakalara besleýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Teswirler