Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplygy we onuň dünýä syýasatyndaky orny

“Bitaraplyk – biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän taglymatdyr”

Merdana pederlerimiziň parahatçylyga, özbaşdaklyga bolan ynsanperwer garaýyşlaryndan ugur alyp, şanly geçmişiň, şöhratly şu günüň, ýagty geljegiň arasynda altyn köpri bolup hyzmat edýän hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi ebedi parahatçylyk, asudalyk, baky bagtyýarlyk diýmekdir. Çünki, ösüşiň täze belentliklerine tarap ädilen her bir üstünlikli ädimiň gözbaşy  parahatçylyk  bilen agzybirlik bolup durýar.

Ata Watanymyz Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazlan ýatdan çykmajak waka boldy. Garaşsyz Türkmenistan döwletine 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde ýörite “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasynyň esasynda, 185 agza döwletleriň goldamagy bilen baky Bitarap döwlet diýen halkara hukuk derejesi berildi. Netijede, Bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasyna öwrülip, türkmen halky hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak bilen ösüşiň täze belentliklerine ýetip bolýandygyny bütin dünýä subut etdi.

Mazmuny babatda oňyn bolan biziň baky Bitaraplygymyz döwletimiziň goşa ganatynyň biri bolup, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň garaşsyz subýekti hökmünde parahatçylygy we durnuklylygy   goldamak,  ýurtlaryň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly häsiýetleri özünde jemläp, halkymyza agzybirlikde, jebislikde, asudalykda ýaşamaga, berk binýatly mukaddes Garaşsyzlygymyzy has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.

Türkmen Bitaraplygynyň halkara derejesindäki abraýynyň belende göterilmeginde, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn uly tagallalary bar. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy  mejlisinde 193 agza döwletler tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa  gaýtadan kabul edilip, Türkmenistan ikinji gezek baky Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa, bu günki gün dünýä bileleşiginiň ýurdumyzyň bitaraplygyna ýokary baha berýändiginden habar berýär.

Alym B.Karaýewiň belleýşi ýaly : “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň  kararnamalary dünýä syýasatynda ilkinji gezek şeýle belent derejede ählumumy ykrar edilen halkara-hukuk resminamalary bolup durýar. Türkmenistanyň  baky Bitaraplyk halkara-hukuk derejesi halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda ählumumy ykrar edilen görnüşde bolmak bilen, öz kämilligi boýunça iň ýokary derejäni eýeleýär”.

Hakykatdan-da, hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesi Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady bähbitlerine salgylanmak esasynda ýurtlaryň arasynda  ylalaşykly gepleşikleri ýola goýmakda, sebitde asudalygy, abadançylygy üpjün etmekde örän wajyp hem-de ygtybarly binýat bolup, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

Aslynda, bitaraplyk ýörelgesi taryhy dünýä ýaň salan türkmen halkyna gadymyýetden miras bolup galypdyr. Nesilbaşymyz Oguz han, paýhasdan paýly Gorkut ata, ar-namysyň nusgasy – Görogly beg, danalygyň daýanjy – Magtymguly Pyragy nesillere parahatçylykda, asudalykda, ylalaşykda ýaşamaklygy wesýet edipdir. Şol parasatly pentlere eýeren ýurdumyz  dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri bolmak bilen, taryhyň syýasy, medeni, ykdysady durmuşynda örän möhüm orny eýeläpdir. Ynsanýetiň ösüş ýoluna özüniň oňyn täsirini ýetiren Beýik Ýüpek ýoly hem, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzlyp çykan eserlerinde belleýşi ýaly, diňe bir ykdysady gatnaşyklaryň pajarlap ösmegine ýardam bermän, eýsem, türkmen hökümdarlary bilen gaýry döwletleriň hem-de halklaryň hoşniýetli, parahatsöýüjilikli goňşuçylykda ýaşamagynyň özeni bolup hyzmat edipdir.

Hormatly Arkadagymyzyň ýiti paýhasa ýugrulan “Döwlet guşy” romanynda: “Hiç haçan türkmen ýersiz-ýere özgäniň üstüne sürünmändir, özgäniň ýurduna göz gyzdyrmandyr, özgäniň üstüne goşun sürmändir. Özgä meçew bermändir, özgä gylaw bermändir. Gaýtam urşanlary ýaraşdyrjak bolupdyr” – diýip, belleýär. Dogrudan-da, gojaman taryha ser salsak, türkmen halky gadymdan gelýän däp-dessurlaryny dowam etdirip, üstüne sürnüp gelen duşmana-da iki ýurduň arasynda dörän meseläni syrma gylyç bilen däl-de, gylyç kimin ýiti paýhas bilen çözmekligi teklip edipdir. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy-dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyndaky Şükür bagşynyň keşbini ýatlap geçesim gelýär. Ussat sazanda goňşy döwlet arasynda ýüze çykan gapma-garşylygyň turuwbaşdan parahatçylykly ýol bilen çözülmeginiň tarapdary bolýar. Hut şol islegi bilen hem ol öz agasyny ýaraga ýapyşyp däl-de, gazma dutaryna ussatlyk bilen erk edip bilmegi bilen  ýesirlikden boşadyp, diplomatiýanyň göreldelik nusgasyny görkezýär.

Bilşimiz ýaly, 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hormatly Arkadagymyz Aşgabat şäherinde baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatda Halkara Bitaraplyk gününi döretmek baradaky başlangyç bilen üstünlikli çykyş etdi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda  BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkymyzyň milli senesi bolan 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi bolsa asly ärden, ýoly nurdan bolan türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirip, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny” atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi  Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimiziň halkara derejesinde gazanan nobatdaky üstünligidir. Bu abraýly resminama dünýäniň 57 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan döredijilikli daşary syýasatyň Milletler Bileleşigi tarapyndan doly ykrar edilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Şu ýerde Berkarar Türkmenistan döwletiniň daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýan ykrarnamasy bolup durýan ýene-de bir taryhy ähmiýetli wakany ýatlap geçesim gelýär. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda gurama agza döwletleriň goldamagy bilen “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Bu halkara resminamanyň kabul edilmeginde dünýäniň 73 döwleti awtordaş hökmünde çykyş etdi. Bu bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde, galyberse-de, dünýäde ähmiýetli ornunyň   ykrar edilýändigini görkezýär.

Ynha “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak”  ýylynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025­nji ýylyň 21­nji martyndaky 78/266 belgili “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasy bilen üç gezek ykrar edilendir.

Şeýlelikde, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasaty halkymyzyň asylly däplerine, baý taryhy tejribesine, belent ynsanperwer maksatlaryna esaslanmak bilen umumadamzat bähbitlerine doly laýyk gelip, halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan ýokary netijeliligi yzygiderli kämilleşdirmegiň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär.

Özara hyzmatdaşlygy jebisleşdirýän halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman binýadynyň berkidilmeginde, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde parahatçylyk we ynanyşmak dünýäde iň zerur düşünjeler hasaplanýar. Şonuň üçin hem bu günki gün her bir türkmen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde dünýä halklarynyň hormatyna, çäksiz söýgüsine mynasyp bolýan  Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň bagtyýar raýatydygyna buýsanmaga haklydyr.

Döwletmyrat ARAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok