BAKY BITARAPLYK-BAKY BAGT

Döwletimiz parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň gazanylmagy ugrunda başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Sebitde hem dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry bolup durýar. Munuň özi, bir tarapdan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen baglanyşyklydyr, beýleki bir tarapdan, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek durnukly ösüş boýunça ählumumy meseleleri çözmegiň hökmany şerti bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, daşary gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk syýasaty yglan etdi. Milletler Bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň bu hukuk derejesi ykrar edildi. Türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasaty onuň köptaraply daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek ýaly üçünji müňýyllygyň hemmetaraplaýyn maksatlaryna laýyk gelýär. Muny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda hem-de 2025-nji ýylyň 21-nji martynda  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasynyň 3 gezek kabul edilmegi,  2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde agza döwletleriň goldamagynda her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň dünýäde dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär.

«Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda belleýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy we onuň binýatlyk häsiýetleri — parahatçylygy söýüjilik, işjeň parahatçylygy üpjün etmek, harby gapma-garşylyklara, birleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyny hem-de çäkleriniň bitewüligini hormatlamak bolup durýar. Şu nukdaýnazardan parahatçylyk düşünjesini giňişleýin belläp geçmek möhümdir.

Halkara parahatçylygy — munuň özi daşary syýasatda güýç ulanmazlyga esaslanýan we öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý edýän döwletleriň we halklaryň arasyndaky ylalaşykly, dostlukly gatnaşyklardyr.

Türkmenistan bütin dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýeti uludyr. Şeýle hem Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlamagy göz öňünde tutýar.

Parahatçylyk bilen howpsuzlyk düşünjeleri özara baglanyşyklydyr. Şonuň üçin howpsuzlyk adamzat ösüşiniň esasy kepili we raýatlaryň bagtyýarlygynyň esasy şerti bolup durýar. Edebiýatlarda we beýleki çeşmelerde oňa şeýle düşündiriş berilýär. Howpsuzlyk — bu şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň wajyp bähbitleriniň içerki we daşarky howplardan goralmagydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça düzgünleriň toplumyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň topary döredildi.

Häzirki wagtda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek hem-de durnukly ösüş gazanmak dünýä jemgyýetçiliginiň esasy meselesine öwrüldi. 2030-njy ýyla çenli Ählumumy gün tertibi hem dünýäniň esasy maksatlaryny öz içine jemleýän möhüm ugur bolup durýar. Şunda durnukly ösüş maksatlaryna esasy orun degişlidir.

Bitarap Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm meseleleri we wezipeleri boýunça deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçlary öňe sürmek bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin BMG-niň strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar. Hususan hem Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşdy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini hem resmi kabul eden we milli maksatnamalaryna hem-de ösüş strategiýalaryna girizen ilkinji döwletleriň biri boldy.

Umuman, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda meseleleri çözmegiň şunuň ýaly köpugurly guralyny döredip, möhüm meseleleri çözmekde has kämil çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

«Halkara parahatçylyk we Ynanyşmak» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata-babalarymyzdan gelýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Parahatçylygy, asudalygy bütin dünýäde dabaralandyrmak mukaddes işdir. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Agamyrat SAPAROW,

Türkmenistanyň döwlet migrasiýa
gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant.

Toý bu gün

Bagtyýar ilimiz täze eýýamda,
Baky Bitaraplyk toýun toýlaýar.
Jeýhun bilen bahry Hazar arada,
Baky Bitaraplyk toýun toýlaýar.

Şirin diller saýrap, köňüller joşup,
Şahyr gazal aýdyp, goşgular goşup,
Belent waspy bu gün daglary aşyp,
Baky Bitaraplyk toýun toýlaýar.

Parahatlyk, asudalyk ýoludyr,
Köňüller ylhamdan, bagtdan doludyr,
Türkmen ilim dost-doganlyk ilidir,
Baky Bitaraplyk toýun toýlaýar.

Şirin zybanymyz hoş sözi aýdyp,
Geljegmiz nurana, röwşendir, aýdyň,
Bitaraplyk ýoly dillerde aýdym,
Baky Bitaraplyk toýun toýlaýar.

Dünýä içre nurun çaýyp çar ýana,
Parahatlyk bagt paýlaýar ynsana,
Şöhrat bolsun Arkadagly Gahryman Serdara,
Baky Bitaraplyk toýun toýlaýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok