Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda — 12-nji dekabra bagyşlanyp — Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 231 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu çözgüt 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Mejlisde döwlet Baştutany günä geçmek çäreleriniň Türkmenistanda kök uran ynsanperwer däpdigini belläp, eden etmişine ökünip, toba gelen adamlara adaty durmuşlaryna dolanmaga mümkinçilik berýändigini nygtady
Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Şeýlelikde, Türkmenistan ýene-de bir gezek ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady we ýüzlerçe raýata halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklary üçin mümkinçilik berdi.
Teswirler