Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on bir aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeli barada hasabatlary bermegi tabşyrdy.
Teswirler