2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) zähmet, ilaty iş bilen üpjünçilik we durmuş goraglylygy boýunça ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministr Anar Alyýew, Türkiýe Respublikasynyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Wedat Yşykhan, Gyrgyz Respublikasynyň zähmet, durmuş goraglylygy we migrasiýa ministriniň birinji orunbasary Kamçibek Dosmatow, Gazagystan Respublikasynyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Wiktoriýa Şegaý; Özbegistan Respublikasynyň ilaty iş bilen üpjünçilik ministriniň orunbasary Sirojiddin Bobokulow, Wengriýanyň Milli ykdysadyýet ministrliginiň iş bilen üpjünçilik syýasaty boýunça döwlet Sekretary Şandor Çomba, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Halbibi Täçjanowa, şeýle hem TDG-niň baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gatnaşdylar.
TDG-niň baş sekretary öz çykyşynda gurama agzalarynyň arasynda zähmet we durmuş üpjünçiligi babatyndaky hyzmatdaşlygyň barha giňeýändigini belläp, işçi güýjüniň hereketliligini artdyrmak, sanly hyzmatlary ösdürmek we sosial gorag ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça täze mehanizmleri döretmegiň wajypdygyny nygtady.
Duşuşyga gatnaşyjylar meýilleşdirilýän platformanyň işe girizilmegini goldap, tejribe alyşmagyň, hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň, zähmet bazaryndaky çylşyrymly meseleleri bilelikde çözmegiň hem-de iş güýjüniň hereketliligini ösdürmegiň möhüm ugur bolup durýandygyny aýratyn bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda, gatnaşyjylar jarnama kabul etdiler hem-de ministrleriniň 2-nji duşuşygyny2026-njy ýylda Türkiýede geçirmek babatda ylalaşdylar.
Aýna ZAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň ýokanç çaga keselleri
kafedrasynyň asistendy.
Teswirler