Suw adam ýaşaýşynyň esasyny düzýän gymmatlykdyr

Suw serişdelerine gözegçilik etmek we olary rejeli peýdalanmak häzirki döwürde ykdysady ösüşiň, ilatyň durmuş derejesiniň hem-de ekologik durnuklylygyň möhüm şertleriniň biridir. Suw diňe tebigy baýlyk däl, eýsem adam ýaşaýşynyň esasyny düzýän gymmatlyk hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Adam organizmi ýaşaýyş üpjünçiligi üçin hemişe arassa suwa mätäçdir, öý hojalygynda, oba hojalygynda, senagatda, energetika ulgamlarynda suwuň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar. Agyz suwunyň howpsuz we ýeterlik möçberde bolmagy jemgyýetiň saglygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmeginde hem suwy rejeli ulanmak möhüm bolup, oba hojalygynda öndürijiligi ýokarlandyrmak suwuň tygşytly ulanylmagyna daýanýar. Şeýlelikde, suwuň adam ýaşaýşyndaky orny jemgyýetiň ähli ugurlaryna täsir edýär.

Türkmenistanda suw serişdelerini goramak, olary netijeli dolandyrmak we rejeli peýdalanmak boýunça hukuk binýady düýpli kemala getirilendir. Esasy hukuk ýagdaýy baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Suw kodeksinde beýan edilýär. Bu kodeks suwuň döwlet ähmiýetli baýlykdygyny kesgitleýär, suwdan peýdalanmagyň tertibini, peýdalanmaga rugsatnamalaryň berilişini, suwuň tygşytlanmagyny, ýerli we döwlet gözegçilik ulgamyny hem-de suw serişdeleriniň kadastryny ýöretmegiň esaslaryny belleýär. Şeýle-de, “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ilaty ýokary hilli we arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň döwlet tarapyndan ygtybarly kepillendirilýändigini göz öňünde tutýar. Bu kanun suw çeşmeleriniň goralmagyny, agyz suwunyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, şeýle-de degişli inženerçilik ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär. Kanunçylykda goýlan bu talaplar arkaly suw serişdelerini goramak we olaryň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça döwlet ulgamynyň utgaşykly işlemegi maksat edinilýär.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy hem giň gerimde alnyp barylýar. Suw süýjediji, arassalaýjy we paýlaýjy desgalar ilatyň agyz suwuna bolan islegini kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Esasan hem suwuň hilini ýokarlandyrmaga, onuň howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de ulanylan suwuň netijeli dolandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Gidromeliorasiýa ulgamynyň kämilleşdirilmegi, beýik kanallaryň we paýlaýjy akabalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, suwaryş ulgamlarynyň hasaplaýjy enjamlaryň üsti bilen gözegçilikde saklanmagy suwuň isrip edilmezden, tygşytly we netijeli ulanylmagyny üpjün edýär.

Umuman, Türkmenistanda suw serişdelerine gözegçiligiň, suwy goramagyň, onuň gaýtadan peýdalanylyşynyň we ekologik deňagramlylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly döwlet syýasaty toplumlaýyn häsiýete eýedir. Suwuň adam ýaşaýşyndaky orny, onuň ykdysady we ekologik ähmiýeti, şeýle-de Türkmenistanyň degişli kanunçylyk we amaly tejribe arkaly alyp barýan işleri giň gerimli netijelere gönükdirilen bolup, geljekki durnukly ösüşiň möhüm binýadyny döredýär.

Aýnäzik Ezizowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok