Döwrebap bilim — geljege çelgi

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Bilim ähli ösüşimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr». Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe bilim we ylym özgertmeleri ýaşlary ruhy we beden taýdan sagdyn, bilimli, ylymly we giň dünýägaraýyşly edip terbiýelemegiň döwlet syýasatynda strategik ugurlaryň biri bolup durýandygyny tassyklaýar. Sebäbi bilimli we hünärli nesiller jemgyýetimiziň kämilleşmegine, döwletimiziň ösmegine we ösüşleriniň berkararlygyna uly itergi berýän egsilmez güýjüdir.

Şunuň bilen baglylykda, täze taryhy eýýamda bilim ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döredilen döwrebap okuw-terbiýe ojaklarynda häzirki zaman okuw-tehniki enjamlary, kämil kompýuterler we interaktiw-multimediýa tehnologiýalary giňden ulanylýar. Bilim bermegiň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi, ylmyň täze gazananlarynyň we okatmagyň häzirki zaman usullarynyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaş nesle dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem bagtyýar ýaşlarymyzyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we ösdürmek, olary döredijilige ugrukdyrmak, ähli taraplaýyn goldamak üçin giň şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça Meýilnama bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň binýadyny berkidýär. Bu möhüm resminama bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmegi, okuw işine innowasion usullary ornaşdyrmagy we mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny ýokarlandyrmagy nazarda tutýar.

Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi diňe bir ugur hökmünde däl, eýsem ýurdumyzyň ösüşiniň esasy güýji hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi jemgyýetimiziň rowaçlygy we geljegimiz bilimli, ylymly, zehinli ýaş nesiller bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Milli bilim ulgamyny halkara ülňülerine laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işleri ähli adamlar mynasyp alkyş bilen kabul edýär.

Döwletimiz ylmyň we tehnologiýanyň ösmegine uly üns berýär, ýaşlaryň kitap okamagy, sanly ulgamyň iň soňky gazananlaryny eýelemegi we döwrebap tehnologiýalary ulanmagy bilen bagly mümkinçilikleri giňeldýär. Hormatly Prezidentimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde ýaş nesillerimiz bilim derejesini has-da ýokarlandyrmaga, täze üstünliklere ýetmäge giň mümkinçiliklere eýe bolýar. Mugallymlar hem täze okuw maksatnamalaryny durmuşa geçirip, talyplaryň bilim derejesini ösdürmek üçin ýadaman zähmet çekýärler. Şeýlelikde, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, döwrebap binalar we tehnologiýalar hormatly Diýarymyzyň has-da beýik sepgitlere ýetmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Aýlar ROZYÝEWA,

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mekdep
müdiriniň 
terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok