2025-nji ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygy bilen ýatlanylýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde, agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasy kabul edildi. Bu dünýäde bir ýurduň bitaraplygynyň agza döwletler tarapyndan resmi taýdan tassyklanylmagynyň ilkinji taryhy boldy. Kararnama türkmen diplomatiýasynyň uly üstünlikleriniň biri bolup, ýaş Türkmenistanyň parahatçylykly we döredijilikli daşary syýasatyna halkara jemgyýetçiliginiň ýokary ynamyny we hormatyny tassyklaýar.
Häzirki zaman dünýä syýasy kartasynda resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwlet — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan boldy. Döwlet nyşanlaryndaky zeýtun baldagy we ýaşyl Tugy — parahatçylyga, agzybirlige we abadançylyga bolan ynamyň simwolydyr. 2015-nji we 2025-nji ýyllarda şol Kararnamalaryň gaýtadan kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara giňişliginde ýokary abraýyna we goldawa eýedigini görkezýär.
Oňyn Bitaraplyk syýasaty Merkezi Aziýada we dünýäde ynanyşmak, özara düşünişmek we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde möhüm gural boldy. Häzirki wagtda Türkmenistan sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň gatnaşyjysy, bilelikdäki taslamalaryň başyny başlaýjy, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdüriji döwlet hökmünde tanalýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda nygtamagy ýaly, köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek, halklaryň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam etmek zerurdyr. Köpugurly diplomatiýanyň halkara güni bolsa halklaryň arasynda ynanyşmagy we dialogy pugtalandyrmak ugrunda möhüm başlangyçdyr.
Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň ykdysady ösüşine-de güýçli itergi berýär. Parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly içerki önüm, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we daşary söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagy üpjün edilýär. Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatlar, sergiler we iri sport çäreleri Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyň netijeliligini görkezýär.
2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde bellenmegi hem Bitaraplyk syýasatynyň abraýyny tassyklap, dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga täze itergi berýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ykrar edilen eziz Watanymyz ösüş, parahatçylyk we ynanyşmak arkaly halklarynyň abadançylygyny gazanmak ugrunda öňe ilerleýär. Bu bagtyýar günlere ýetiren Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys.
Amangözel TAGANOWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler