Bilimli nesil — Watan kuwwaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. 2022–2052-nji ýyllar üçin maksatnamada sanly tehnologiýalaryň ähli basgançaklarda ornaşdyrylmagy, 2022–2028-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady maksatnamada bolsa hünär bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça anyk wezipeler bellenilýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä standartlaryna laýyk getirmek maksady bilen BMG-niň degişli düzümleri, halkara bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Okuwçylaryň we talyplaryň döwrebap bilim almagy üçin mekdepler, çagalar baglary, okuw-enjamlar, elektron serişdeler bilen üpjünçilik yzygiderli kämilleşdirilýär.

Döwlet derejesinde kabul edilen degişli kadalar — Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakyndaky Düzgünnama, umumybilim maksatnamalary boýunça usulyýeti kämilleşdirmek baradaky Konsepsiýa we onuň Meýilnamasy bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Bu resminamalar boýunça mugallymlaryň hünär taýýarlygyny artdyrmak, täze tehnologiýalar arkaly okaýyş usullaryny kämilleşdirmek, halkara bilim görkezijilerini milli ulgama ornaşdyrmak boýunça anyk maksatlar goýulýar.

Bilim ulgamynyň ösüşinde giň internet elýeterliligi we sanly hyzmatlary giňden ulanmaga mümkinçilik berýän ykdysady şertler döredilýär. «Elektron resminama we sanly hyzmatlar hakyndaky» Kanun bu ugurda işgärleriň işjeňligini artdyrmaga ýardam berýär.

Ýurdumyzda her bir raýatyň aň-düşünjesine, ýaşaýyş şertine garamazdan, deň derejede bilim almak hukugy döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Okuwda innowasion usullar, elektron maglumatlar we sanly bilim platformalary giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ylym ösüşleriň baş melhemidir, ykdysadyýeti kämilleşdirmegiň möhüm çeşmesidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen mekdepleriň we çagalar baglarynyň binýady güýçlendirilýär, mugallymlaryň taýýarlyk derejesi ýokarlandyrylýar, ýaşlaryň dünýä maglumat giňişliginden peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesliň bilim we döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Eziz Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işine aýratyn ähmiýet berýän, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Altyn ANNAMUHAMMEDOWA,

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok