Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan iş, dynç we baýramçylyk günleri barada maglumatlary öz içine alýan 2026-njy ýyl üçin önümçilik senenamasy neşir edildi. Bu senenama zähmet haklaryny, zähmet rugsatlaryny hasaplamak we kärhanalaryň işini meýilleşdirmek üçin resmi esas bolup hyzmat edýär.
2026-njy ýylda iş hepdeliginiň dowamlylygy bäş gün üçin 40 sagat, alty gün üçin günde 7 sagatdan jemi 40 sagat, şeýle hem günde 6 sagatdan alty gün üçin 36 sagat kesgitlenildi.
Aýdaky ortaça iş wagtynyň dowamlylygy 40 sagatlyk hepde üçin 166,9 sagat; 36 sagatlyk hepde üçin 150,5 sagat möçberinde bellenildi.
2026-njy ýylda aşakdaky baýramçylyk günleri dynç güni diýlip yglan edildi:
- 1-nji ýanwar – Täze ýyl;
- 8-nji mart – Halkara zenanlar güni;
- 20-nji mart – Oraza baýramy;
- 21-22-nji mart – Milli bahar baýramy ;
- 18-nji maý – Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni;
- 27-28-29-njy maý – Gurban baýramy;
- 27-nji sentýabr – Garaşsyzlyk güni;
- 6-njy oktýabr – Hatyra güni;
- 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni;
Baýramçylyk dynç günleriniň öňündäki iş gününiň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda, 1 sagat gysgaldylýar. Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, gijeki çalşyklar hem 1 sagat gysgaldylýar, bu yzygiderli önümçiliklere degişli bolman, olarda gijeki çalşyklar gündizki iş bilen deňleşdirilýär.
Teswirler